Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hasaplanýan Aşgabat Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň uly syýasy, ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Köpetdagy etekläp oturan şäherimiz ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr.

Dünýäde iň ösen uly şäherler bilen deň hatarda orun alýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilenine şu ýyl 140 ýyl dolýar. Türkmen halky şeýle ajaýyp wakany toýlamaga uludan taýýarlyk görýär.

Giň köçeleri, täsin binalary, bagy-bossana bürenen seýilgähleri bilen  haýrana goýan ak şäherimiz Aşgabadyň taryhyna göz aýlasak, bir  ujy baryp gadymyýete daýanýan geçiş ýoluna gözüň düşýär. Aşgabadyň häzirki ornunda gülläp ösen, dünýäniň merkezi döwletleriniň biri hasaplanýan Parfiýa patyşalygy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iň güýçli döwlet bolupdyr.

Taryhdan şu güne çenli köp wakalary başdan geçiren Aşgabat şäherimiz özüniň medeniýeti, däp-dessury, binagärlik sungaty bilen tapawutlanýar. Häzirki güne çenli saklanyp galan köne binalaryň taryhy hakynda söz açanymyzda, ilki bilen Kemine köçesinde ýerleşýän  A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynyň binasynyň ýokarsynda ýerleşýän uly sagat barada ýatlamak bolar. Bu sagatly desga 1929-njy ýylda gurulýar. Gurluşy taýdan berk bina edilen bu sagada Aşgabat şäherinde 1948-nji ýylda bolup geçen pajygaly waka hem  zyýan etmeýär.

Pajygaly wakany başdan geçirse-de, bu bina häzirki wagtda-da başky keşbini saklap otyr. Türkmen edebiýatynda uly yz galdyryp giden nusgawy şahyr Mämmetweli Keminäniň adyny göterýän  köçäniň ugrunda şeýle binanyň gurulmagy we şu güne çenli saklanyp galmagy bizi begendirýär.

Sarsmajak binalaryň gurulýan ýeri bolan paýtagtymyz häzirki wagtda dostlugyň, parahatçylygyň, asudalygyň, iki we köp taraplaýyn halkara gatnaşyklarynyň mekanyna öwrüldi. Kaşaň desgalaryň düýbi tutulýan şäherimiz babatynda aýtsak, her bina barada kitap ýazmak mümkinçiligi peýda bolar. Gurulýan her bina hem taryhymyza esaslanýar, hem-de şu günümiz bilen berk baglanyşýar. Ýylsaýyn özgerýän gözel şäherimizi kämilleşdirmekde köp işleri alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Merdan ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.