Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Güller — Zeminiň bezegi

19-03-2023 / 36

Bahar pasly tebigatyň döreden iň ajaýyp täsinligi — owadan gülleri bilen gelýär. Güller ynsanyň şähdini açmakda, adamlara ruhubelentlik paýlamakda ilkinji ygtybarly usul hasaplanýar. Güller daş-töwerege, tebigata gözellik çaýýan serişdedir. Geliň, bu täsinlik barada käbir gyzykly maglumatlar bilen tanşalyň!

Ýer ýüzünde ilkinji dörän gül 125 million mundan ozal Hytaýda peýda bolan «Arhaefruktus sinensis» hasaplanýar.     

Dünýäniň iň meşhur gülleriniň sanawynda ilkinji orunlarda bägüller, pionlar, çopantelpekler, liliýalar, gwozdikalara, arhideýalar we georginýalar durýar.      

Güller dürli-dürli bolşy ýaly, olar halklaryň arasynda dürli aňlatmalara görä-de (söýgi, wepalylyk, dostluk, aýralyk, bagyşlamak) ulanylýar.

Aloý 100 ýylda bir gezek gül açýan gül hasaplanýar.

Iň çalt ösýän gülleriň biri çigildemler bolup, ol bir günde 2 santimetre çenli ösüp bilýär.

Gollandiýa çigildemleriň ýurdy hasaplanýar.

Gadymy Müsürde «lotos» mukaddes gül, direliş nyşany hasaplanýar. Oňa ybadat edilip, merhumy jaýlaýyş dessurlarynda ulanylýar. Bu, lotosyň köp ýyllyk gurakçylyk wagtynda hem ýaşap bilmek ukyby bilen baglanyşyklydyr.

Bir ýylyň dowamynda dünýäde takmynan 150 milliondan gowrak bägül satyn alynýar.

Bägüliň ýapraklary irki döwürlerden bäri hoş boý ysly atyrlaryň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Amerikanyň tropiki ýerlerinde ösýän «Aý güli» Gün şöhlesiniň däl-de, Aýyň ýagtylygynyň bolmagy we diňe garaňkyda gülleýändigi bilen tapawutlanýar. 

Jeren ÇÖLIÝEWA,
Saýat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com