Saňa durmuşda islendik gapylary açjak iki jümläni belle, «özüňe çekmeli», «özüňden itermeli».

* * *

Maşgala ýagdaýym: häzirlikçe imo-da ýazyşýas.

***

Gyz bilen bolan duşuşygyň şowsuz bolandygynyň alamaty: Gyz eline ruçka bilen çeken sagadyna her 5 minutdan seredip durýandyr.

***

Çagalykda iň gorkunç zat bu: ejeň seni nobata goýýar-da özi başga kassa nobata durýar. Seniň nobatyň bolsa, ýakynlaşýar… ýakynlaşýar.

***

Bildiriş: Bir aýlykly gapjyk ýitdi. Tapan adamdan haýyş: içindäki aýlygyň kiçiligine gülmäň!

***

Tapmaça: Basseýine 400 litr suw guýýarlar. Dökenlerinde 405 litr suw dökülýär. Sorag: suwa düşýänlerde ynsap galmandyr gerek?

***

— Ezizim, mende iki sany täzelik bar. Gowusyndan başlaýynmy ýa-da erbedinden?

— Erbedinden başla.

— Men seniň maşynyňy urdurdum.

— A gowusy näme?

— Indi gaýtalamaryn.

***

Söýülmek — bu gaty gowy duýgy. Men muny bilýän, kitapda okadym.