Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Gül sowgadynyň täsiri

25-01-2023 / 5059

Zenanlary islendik bir gymmat bahaly sowgat begendirip biler. Emma sowgady mynasyp mukdarda satyn almak, bu adamyň maliýe ukyplylygyny görkezýär. Gül sowgady — iň ýönekeý, özboluşly özüne çekijili güýji bolan täsin bir zat.

Zenanlar gül sowgadyny haýsydyr bir içki lezzet bilen duýýarlar we tüýs ýürekden begenýärler. Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň alymlary gülleriň aýal-gyzlara edýän jadyly täsiriniň syryny açmaga köpden bäri synanyşýarlar. Olaryň köpüsi amaly gözlegleri geçirdiler we netijeleri hakykatdanam täsirli boldy.

G.Rutgers uniwersitetiniň (New Jersey) psihologlarynyň geçiren gözlegleri netijesinde gül sowgadynyň aýal-gyzlary beýleki gymmat bahaly sowgatlardan iki esse köp ýylgyrdýandygyny anykladylar. Olaryň belleýşi ýaly, aýal-gyzlar sowgat hökmünde gül alanynda gandaky oksitosiniň derejesi ýokarlanýar. Bu gormon endorfinleriň bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Netijede, ruhy ýagdaý gowulaşýar we ynamsyzlyk peselýär.

Günbatar Britaniýa uniwersitetiniň (Fransiýa) psihology fransuz N.Gegen gülleriň jadyly täsiriniň bardygyny anyklamak bilen şeýle tejribe geçirdi. Oňa 46 sany talyp gyz gatnaşdy we gatnaşyjylara bir hojalykçy oglanyň wideo ýazgysy görkezildi. Ol ýaşaýşy, endikleri, iýmitlenşi barada gürrüň berdi. Gatnaşyjylardan bolsa özüne bolan täsirleri beýan etmegi haýyş edildi. Soňra gyzlaryň topary dürli otaglara girizildi. Toparyň ýarysy adaty otagda, galan ýarysy bolsa gül bilen bezelen otagda pikirleri paýlaşyldy. Gözlegiň netijelerine görä, gülli otagdaky gatnaşyjylar ýigidiň özüne çekijiligine ýokary baha berdiler. Beýleki toparda duýgy işjeňligi ep-esli pesdi. Şeýle hem awtor gülleriň aýal-gyzlaryň ýylgyryş bilen baglanyşykly ýüz myşsalarynyň ýokary işjeňligine sebäp bolýandygyny belläp geçdi. Makala “Social Influence” žurnalynda çap edildi.

Güller duýgularyňy beýan etmek üçin ajaýyp başlangyçdyr.Gül hödürlemek üçin bir sebäp ýa-da bir pursat gözlemegiň zerurlygy ýok. Garaşylmadyk sowgat meýilleşdirilen sowgatdan has duýguly kabul edilýär. Güller durmuşda nämeleriň bolup geçýändigine garamazdan, islendik pursat zenany begendirip bilýär we olarda uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Zenanlary begendirip, olary bagtly görmek isleseňiz, gül sowgat ediň!

Gözel KULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com