Awtory: Çary Ataýew.

 

Men şahyr däl, ýöne şahyr gözleýän,

Şan-şöhrady ýeňip barýan şahyry,

Bir sözüni başga söze dözmeýän,

Her sözüne siňip barýan şahyry.

*****

Şahyr bormy, öz-özüne dözmedik?!

(Näme etjek, maňa artyk sözledip?!).

Gözleýärin, islänini güzledip,

Şere tarap yňyp barýan şahyry.

*****

Ony «öldürseler»(!)

Ol bolsa — diri!

Zordan galam tutan şahyrlaň piri!

Gözleýän, setirleň içine girip,

Hem aglap, hem gülüp barýan şahyry.

*****

Ýyllar geçdi, ýeller kibi atygsap,

Men welin hemişe, setire suwsap,

Gözledim, kalbynda göterip ynsap,

Gahatlygy dilip barýan şahyry.

*****

Herne: «Ynha, tapdym!» diýen mahalym,

Duýgulamdan ejiz geldi tapanym;

Men bolsa gözleýän, turzup topalaň,

Tolkunlara münüp barýan şahyry.

*****

Gülden näzik bolsa, bilbilden saýrak!

Oňa ýetse, özün bagt saýsa baýrak!

Gözleýän barlygy, başyndan aýlap,

Aşyk kibi sülüp barýan şahyry!

*****

Dana görüp, danalygna aglasa!

Däli görüp, danaň bagryn daglasa!

Gözleýän, söz berip, söze galmasa,

Galaýsa-da, ölüp bilýän şahyry.