Awtory: Merjen Kadyrowa,

«Türkmen gündogary» gazeti.

Biz, gelin-gyzlar elmydama has-da owadan bolmagyň isleginde. Emma käwagt biz ýaşymyzyň  geçdigi saýyn bedenimiziň semremeginden zeýrenýäris. Bu köpimize tanyş mesele bolsa gerek. Semizlige kämahallar genetiki täsirler hem sebäp bolup biler, ýöne köplenç ol biziň öz saglygymyza ýeterlik derejede üns bermeýändigimiziň alamatydyr. Artykmaç agramdan dynmak üçin biz okyjylara käbir ýönekeýje, emma peýdasy köp boljak maslahatlary hödürleýäris:

― Fiziki hereketlerimizi artdyrmak we sport bilen meşgullanmak zerur.

 

Günüň dowamynda ýeterlik hereket etmek hem-ä horlanmaga hemem özümizi has ýeňil duýmagymyza ýardam eder. Günümizi hökmany suratda 10-15 minutlyk ertirki maşklardan başlamaly. Şeýle hem günüň dowamynda hiç bolmanda 1 sagat orta tizlikde ýöremegi endik edinmek zerur. Eger-de sport bilen meşgullanmaga mümkinçiligimiz bolmasa, ýa-da wagt tapyp bilmesek onda, günüň dowamynda hereketimizi nädip artdyrmalydygyna üns bermeli. Meselem: eger-de iş ýerimiz öýümize ýakynrak bolsa, onda işe ýöräp baryp gelmegi, eger-de uzagrak bolsa 1-2 duralga öňräginden awtobusdan düşüp ýöremeli, şahsy ulagymyzy barmaly ýerimizden uzagrakda goýmaly. Ýa-da liftiň deregine basgançaklardan peýdalanmagymyz gerek. Bular bedendäki artykmaç ýaglary ýok etmegiň iň aňsat usullarydyr.

― Talabalaýyk uklamak we netijeli dynç almak.

Hökmany ýagdaýda günüň dowamynda 7-8 sagat, esasan hem gije sagat 23:00-dan ― 04:00-a çenli uklamaly. Ukynyň nädogry bolmagy we ýeterlik alynmazlygy bedende näsazlygy döredip biler. Agşamlaryna seýilgählerde aýlanyp, dynç alyş meýdançalarynda pyýada gezim edip wagtyňyzy şadyýan geçiriň.

― Kadaly we dogry iýmitlenmek gerek.

 

Biziň günüň dowamynda kabul edýän kaloriýamyzdan sarp edýän kaloriýamyz artygrak bolmaly. Munuň üçin biz kadaly we dogry iýmitlenmeli. Eýsem, kadaly diýlende nämäni göz öňünde tutmaly?! Naharlanmak üçin iň gowy we peýdaly wagtlar şular hasaplanýar: ertirlik irden sagat 7:00-dan 8:00 çenli, günortanlyk sagat 12:00-dan 14:00-a çenli, agşamlyk 18:00-dan 20:00-a çenli. Agşam 21:00-dan soň hiç zat iýmejek bolmaly. Dogry iýmitlenmeli diýlende nämä üns bermeli?! Ilkinji nobatda gündelik iýmitimiziň düzümindäki malyň çig ýaglaryny boldugyça günebakar, künji, zeýtun ýaly ösümlik ýaglary bilen çalyşmak gerek. Hamyrly naharlardan, we duzly önümlerden we dürli süýjüliklerden uzagrak durmak gerek. Olaryň deregine gök-önümleriň we miweleriň mukdaryny artdyrmaly. Bu biziň özümizi ýeňil duýmagymyza we işjeňligimiziň artmagyna hem oňaýly täsir eder.  Şeýle hem günüň dowamynda boldugyça arassa agyz suwuny köpräk içmeli. Hiç bolmanda 1,5-2 litr suw içmek gerek. Reňkli we gazly suwlardan uzagrak durmaly. Nädogry iýmitlenmek aşa semizlige alyp barýan esasy sebäpleriň biridir.

 

Hormatly okyjylar, biz bu ýönekeýje usullary hemişelik endige öwürmek bilen sagdyn we owadan durmuş şertlerini gurarys.