Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Gözelligimiz iýmitimize bagly

22-01-2023 / 5068

Zenanlar elmydama gözelligiň tarapdary. Emma owadanlygymyzy, gelşikliligimizi, näzikligimizi saklamakda gündelik iýmitiň ornunyň uludygyny ýatdan çykarmazlyk gerek. Şunda biz gelin-gyzlarymyz üçin peýdaly boljak maslahatlary okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

Berhiz tutup, bedende witaminleriň ýetmezçiligini döretmek işjeňligi, immuniteti peseltmek bilen deň hatarda deriniň, saçyň, dyrnaklaryň we dişleriň zaýalanmagyna getirýär. Şonuň üçin az-azdan emma, tiz-tizden naharlanmak gerek. Edip bilseňiz günüň dowamynda 5-6 gezek naharlanyň, her gezekki iýmit paýyňyz 250 gramdan geçmesin.

Günüň dowamynda içen arassa suwuňyzyň möçberi 1,5 litrden, gök önümleriň we miweleriň mukdary 400 gramdan az bolmasyn.

Ýatar agşam iýmekden gaça durmak gerek. Uky bilen agşamlygyň arasy 3 sagatdan az bolmasyn.

Şekerli we duzly tagamlardan gaçarak duruň.

Aýallar üçin gündelik iýmit kaloriýasynyň 1800 ― 2000 bolmagy gerek.

Iýmitleriň şu bäşisi ― käşir, tworog, süle ýarmasy (owsýanka), banan we kösükli iýmitler (noýba, nohut, soýa) ýaşlygyňyzy we gözelligiňizi saklamakda ýardamçylaryňyz bolar. Onuň tersine şeker, margarin, spirtli we gazly içgiler, hamyrmaýaly çörek önümleri we fast fudlar siziň saglygyňyza zeper ýetirer.

Ýumurtga, süýt, ak towuk eti, balyk, ysmanak, tüwi, greçka, gök otlar bedeni belok we aminokislotalar bilen üpjün edip, zerur bolan A, B3, B6, C, K witaminleriniň we kaliý, natriý, magniý ýetmezçiligini aradan aýrar.

Gülşat KAZAKOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň ginekologiýa bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com