Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Göwnümizi göterýän 10 sebäp

Islendik adam özüni ýalňyz duýup biler. Özüňi ýalňyzlykdan halas etmek bolsa gönüden-göni biziň öz duýgularymyz bilen baglanyşyklydyr. Psihologlaryň berýän maslahatlaryna görä, adam ýalňyzlyk dünýäsinden çykmagyň gapysyny özi tapmalydyr. Bizi ýalňyzlyk dünýäsinden halas etjek we göwnümizi göterjek şu 10 sebäp barada bilmegimiz gerek:

Göwnaçyklyk. «Göwni açygyň — ýoly açyk». Kimdir biriniň gaýgysyna edil özüňki ýaly gynanyp, şatlygyna şatlanyp bilmek, onuň duýgularyny deň paýlaşmak ýalňyzlygy terk etmegiň ilkinji gapysydyr.

Kiçigöwünlilik. Bu dünýä diňe biziňki däl. Özümizi özgelerden tapawutly saýmak bizi ýene-de ýalňyzlaşdyryp biler. Diňe belentliklere seredip ýöreýän adam öz ýolundaky päsgelçilikleri görmän, büdremegi we ýykylmagy mümkin.

Sylag-hormat. Durmuşymyzda ähli zadyň gaýtargysy, yza dönüşi bar, ilkinji nobatda hem başgalara görkezýän sylag-sarpamyzyň jogaby bolmaly. Hormata mynasyp adamlaryň sarpasyny belent tutmagy başarsak, özümiz hem sylag-sarpa laýyk bolarys. Sylagly adamlar bolsa, ýeke däldirler.

Elaçyklyk. Mal-döwlet hem, rysgal hem paýlaşmak bilen artýar. Haýsydyr bir ýakynymyzy ýa-da bir ýerlerde duşan ýat adamlary kiçijik zatlar bilen bagtly edip bileris. Kimdir biriniň ýylgyrmagyna sebäp bolmak, bagtly bolmagyny gazanyp bilmek biziň göwnümizi göterer, keýpimizi çag eder.

Söýgi. Haýsy zada söýgi bilen seretseň, şol zat has gözeldir. Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, söýen zadyň özüňkidir. Eger şeýle bolsa, bu gysgajyk ömrümizde söýgä hem orun bereliň. Çünki söýenlerimiz bizi ýeke goýmaz.

Geçirimlilik. Günäsiz adam ýok. Beýiklik şol günäleri bagyşlamakda. Kalbymyzda öýkedir kine saklamak biziň ýalňyz bolmagymyzyň esasy sebäpleriniň biri. Edilen haýsydyr bir ýamanlygyň yzyna gaýdyp geljekdigini unutmaly däldiris.

Degişgenlik. Degişgen hem gülmegi başarýan adamlaryň ýeke galanyny gören az bolsa gerek. Ynsan öz ömrüniň iň bir kynçylykly pursadynda hem ýylgyrmaga çalyşmaly. Çünki şähdaçyklyk kynçylygy ýeňip geçmegiň iň aňsat ýoludyr.

Süýji sözlülik. Söz bir gudratly zat. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak ählimiziň borjumyzdyr. Sözüň jadylaýjy gudraty arkaly ýatlar-ýakyna, dostlar-dogana öwrülip biler. Süýji söz bilen dost-dogan gazanmak biziň durmuşda bagtyýar ýaşamagymyz üçin möhümdir.

Umyt. Ýaşaýşyň gowy taraplaryny görüp bilmek, geljege umytly bolmak, arzuwly ýaşamak ynsana berlen iň gowy ahlak sypatlarynyň biridir. Umydyňy üzmek ýalňyzlygyň çür depesidir.

Ynam. Aýdyp geçenlerimiziň hemmesinden öňürti ynsanyň özüne söýgüsi we ynamy bolmaly. Öz güýjümize ynanmagy başarmaly. Eger biz özümize bolan söýgini ýitirsek, özümizi ýeke goýsak, onuň öwezini doldurjak zady hiç ýerden hem tapyp bilmeris.

Şu göwnümizi göterýän häsiýetleri özümizde terbiýelemegi başaryp bilsek, hemişe ýalňyzlykdan daşda bolarys we durmuşymyzda bagtly pursatlar elmydama ýaran bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com