Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Google we synag

17-12-2021 / 5019

Gowy iýmitlenmegiň, aýdym-saz diňlemegiň, ýeterlik uklamagyň, küşt oýnamagyň ýa-da tapmaça çözmegiň zehinimizi ýiteldýändigini biz köpden bäri bilýäris. Emma siz «Google» internet sahypasynda gözleg geçirmegiň we synaglara gatnaşmagyň hem zehinimiziň ýitelmegine güýçli täsir edýändigini bilýärmidiňiz?

Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen ylmy derňewlere laýyklykda, hepdede üç-dört gezek 20 minut töweregi «Google» internet sahypasynda gözleg geçirmeklik beýnimiziň işjeňleşmegine we ondaky küleňsi maddanyň artmagyna oňyn ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Çünki «Google» saýtynda gözleg geçirmek islänimizde, bize zerur bolan tema barada ilki özümiz parhynda bolmazdan beýnimizde gözleg geçirýäris. Şoňa görä-de, internet sahypasyna buýruk berýäris. Eger-de biz «Google» saýtynda gözleýän temamyz bilen baglanyşykly iň ýakyn sözi ýazmasak, onda biz şol tema bilen baglanyşykly anyk maglumatlary tapmakda kynçylyk çekýäris.

Angliýanyň Kent döwlet uniwersitetiniň alymlary bolsa ýakynda amala aşyran ylmy-derňew işleriniň netijesinde ýaşlaryň yzygiderli synag tabşyrmaklarynyň olaryň beýnisiniň işjeňleşmegine, zehininiň ýitelmegine we ýatkeşliginiň güýçlenmegine oňyn täsir edýändigini anykladylar. Ýylyň dowamynda bary-ýogy iki gezek synag geçirilen topar bilen sekiz gezek synag geçirilen topary deňeşdirenlerinde bolsa köp synag tabşyran toparyň talyplarynda maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek, meselelere tiz düşünmek, synagda wagty tygşytlamak, özlerini rahat alyp barmak ýaly hereketleriň kämilleşendigine göz ýetirdiler. Bu babatda uniwersitetiň professory Katerin Rowson: «Köp synag tabşyrmak geljekde öwrenilen maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek mümkinçiligini dolulygyna artdyrýar, şeýle hem zehini ýiteldýär» diýýär.

Şamuhammet AGAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň Senagat elektronikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.