Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Giriş synaglary — ykbal çözgüdi

Dalaşgär - 2022

Häzirki wagtda ylym-bilimiň ojagy hasaplanýan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmek, giriş synaglaryny tabşyrmak döwri dowam edýär.

2022 — 2023-nji okuw ýylynda talyplary okuwa kabul etmek boýunça döwlet synaglarynyň netijeleri esasynda ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň birnäçe bilim ojaklaryna kabul ediler. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilip, degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça geçirilýän synaglar döwlet dilinde alnyp barylýar.

Ylma höwesek ýaşlarymyz ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmekde özleriniň saýlap alan hünärleri boýunça orta mekdeplerinde alan bilimleriniň esasynda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzda hereket edýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen düzgünlere laýyklykda, dalaşgärler giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýlarynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan hem peýdalanyp bilýärler.

Ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrüň talabyny ödemekleri we tehnologiýalar dünýäsine içgin aralaşmaklary ugrunda döwletimizde uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan berilýän ylmyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylmyň-bilimiň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrüň talabyna esaslanýan täze hünärler döredilýär. Bu bolsa mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň göwün söýen hünärlerine ýykgyn etmeklerine, saýlap alan hünärleri boýunça kämil tejribe toplamaklaryna giňden ýardam berýär.

Hudaýnazar HAÝYTMYRADOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com