Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Germaniýa türkmen talyplaryna garaşýar

24-01-2023 / 63

Germaniýa, bilşimiz ýaly, dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň biridir. Ýurtda düzülen talyp maksatnamalary ýokary okuw jaýlarynda tölegli we talyp hakly görnüşlerine bölünýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda beýan edilişi ýaly, Germaniýanyň tomusky DESY talyplar maksatnamasy türkmen dalaşgärlerinden hem arzalary kabul edip başlady.

DESY maksatnamasy – bu Germaniýa tarapyndan doly maliýeleşdirilen tomus maksatnamasydyr, onda Germanýanyň we dünýäniň dürli künjeginden talyplar okap biler. DESY bakalawryň we magistraturanyň talyplary üçin açyk we TOFEL synaglaryny talap etmeýär. Bu maksatnama ýol we ýaşamak üçin ähli harajatlary hem öz içine alýar. Şeýle hem talyplara her aýda 1200 ýewro möçberinde talyp haky beriler. Maksatnama her ýylyň 18-nji iýulyndan 7-nji sentýabry aralygynda Germaniýada hereket eder. Has giňişleýin maglumatlar üçin summie-org@desy.de elektron adresinden tapyp bilersiňiz.

Biziň ýurdumyzda bolsa 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrligine türkmen dalaşgärleriniň arza tabşyrmagyna garaşylýar.

Babamyrat ŞÜKÜROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com