Awtory: Gülşirin HANOWA,

şahyr.

Ner-bugra dek dyzlaşmaga,
Dogan gerekdir ýigide.

(Görogludan)

Nur dolar gün geçdik saýy,
Bagt berse çykan paýy,
Gadyr goýýan ýassyk taýy,
Ýoldaş gerekdir gözele.

Gözledigiñ gaýry bolar,
Ýatdan alsañ saýry bolar,
Hudaý berse aýry bolar,
Çaga gerekdir gözele.

Aljyranda arz etmäge,
Didaryny parz etmäge,
Zerur akly karz etmäge,
Dana gerekdir gözele.

Şatlygyny paýlaşmaga,
Syryn söküp çaýlaşmaga,
Ýürek döküp aglaşmaga,
Uýa gerekdir gözele.

Dogrulyga atarmaga,
Naçar başyn gutarmaga,
«Soñky ýola» götermäge,
Aga gerekdir gözele.