•                 Kuweýtde ýekeje-de derýa, guýy we demir ýol ýokdur.

  •                 Rowaýatlar görä, Gerodat Bodrumda, Gomer bolsa Izmirde doglupdyr. Pifagor Guş adasynyň golaýyndaky Samos adasynda ýaşapdyr.

  •                 Biblos-dünýäde ilknji finikiýa elipbiýiniň ýüze çykan Liwan şäheridir.

  •                 Dubaýda ýerleşýän dünýädaki iň uly bina bolan Burj Halifa binasynyň aýnalary her gün ýuwulýar.

  •                 Hytaýda ýerleşýän “Dünýä açylan penjire” atly tematiki seýilgähde dünýäniň ençeme ýurtlaryndaky binagärlik täsininlikleriniň 130 sanysynyň göçürme nusgalary ýerleşdirilipdir.

  •                 Ýaponiýa ýer titremeleriň köp bolýan ýurdudyr.

  •                 Ýapon dilinde aýlaryň ady bolman, olar san bilen belgilenýär.

  •                 Ýaponiýada dörtburç garpyzlar ýetişdirilýär.

  •                 Ýaponiýanyň ilaty gol çekmeýär.

  •                 Ýaponiýa we Wýetnam uzak ýaşly adamlaryň ýaşaýan ýurdy hasaplanýar.

  •                 Wýetnamyň pullary plastikadan ýasalandyr. Şonuň üçin olary suwa ezseňde, hiç zat bolmaýar.

  •                 Kore neberesiniň döwründe 1234-nji ýylda oýlanyp tapylan metal şriftler dünýädäki ilkinji çap enjam hasaplanýar.

  •                 Koreýada her ýylda 100-den gowrak täze filmler ekrana goýberilýär.

  •                 Khmer elipbiýi iň uly elipbiý hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir. Onda 72 sany harp ýerleşdirilendir.

  •                 Mýanma ýurdunyň ýaşaýjylarynda familiýa we atasynyň ady ýokdur.

  •                 Tailandda sesiňi gataldyp gürlemek aýyp hasaplanýar. Ýylgyrmak-bu ýurtda adaty kada, ol ýere barýanlar Tailandy “Gülküler ýurdy” diýip atlandyrýarlar.

  •                 Tailandyň paýtagty bolan Bangkok resmi atlandyrylyşy boýunça dünýäde iň uzyn at hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir.

  •                 Singapurda sakgyjy köçä zyňmaga däl, ony ýanyňda saklamak we çeýnemek hem gadagandyr.

  •                 Malaýziýada özüňi gyzyklandyrýan zadyňy barmagyňy çommaldyp görkezmek edpsizlik hasaplanýar.

  •                 Indoneziýanyň çäginde 367 sany halkyýet ýaşap, olar 700 sany dilde gürleşýärler.

  •                 Filippinler “Dünýäniň tekst paýtagty” hasaplanyp, ýurduň raýatlary her gün gysga tekst habarlarynyň (SMS) 450 millionyny ýollaýarlar.

  •                 Hindistanda el gysyp salamlaşmak kabul edilen däldir.

  •                 Ysraýylda hepde ýekşenbe gününden başlanýar.

 

Toplan: Selbi HOJANYÝAZOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitiniň filosofiýa hünäriniň  2-nji ýyl talyby.