
«Sky Cruise» – ýadro energiýasynda uçýan we şol bir wagtyň özünde 5000-e golaý ýolagçyny kabul edip bilýän myhmanhanadyr. Awiasiýa we myhmanhana pudagyna düýpli özgertmeler salyp biljek bu taslamany ýemen inženeri Haşem Al-Gaýli oýlap tapypdyr. Şeýlelikde, ol özüniň uçara garaýşyny emeli aň bilen görkezmegi başardy.
Taslamany döreden Haşem Al-Gaýli suratkeş Toni Holmsteniň çeken suratlaryndan ylham alypdyr. Taslamanyň özenini we görnüşini Haşem Al-Gaýliniň özi ýerine ýetiripdir. Onuň pikirine görä, «Sky Cruise»-yň 20 sany elektrohereketlendirijileri arassa ýadro energiýasynda işlemeli eken. Şeýle-de bu uçary dolandyrmak üçin uçarman hökman däl. Çünki uçar «Sky Cruise»-yň emeli aň ulgamy arkaly dolandyrylar, adam bolsa islendik wagt özüne dolandyryşy alyp biler. Al-Gaýliniň aýdyşyna görä, uçar birnäçe ýylyň dowamynda ýere gonmazdan asmanda saklanyp bilýär. Ýolagçylary we dürli ýükleri eltip bermek dünýäniň howa menzillerinden täjirçilik uçuşlary arkaly amala aşyrylar.
Al-Gaýli asmana 360 dereje görnüşli panoramaly zaly öz içine aljak uçary «Geljegiň transporty» diýip atlandyrdy. Uçaryň zalynda söwda we sport merkezleri, basseýnler, restorandyr teatrlar, hat-da, kinoteatrlar we oýun meýdançalary bolar. Şeýle-de, iş duşuşyklaryny we toý dabaralaryny geçirmek üçin aýratyn zal ýöriteleşdirilendir. «Sky Cruise» -da dynç alýan myhmanlaryň ýyldyzlara we demirgazyk ýalkymyny synlamak üçin uçaryň her tarapyndan üç sany synlaýyş balkony bolar.
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.