Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Geljegiň kömekçileri

Haçan-da çeh ýazyjysy Karel Kapek 1921-nji ýylda ilkinji gezek “Robot” sözüni özüniň “R.U.R” diýen ylmy-fantastiki eserinde hyýaly gumanoidy (adam sypatly roboty) suratlandyrmak üçin ulananda, onuň dünýä edebiýatyna girizen bu sözi biziň häzirki günlerimizde hemmeler üçin adaty söz bolup galar diýip pikir hem etmändir. Eýýäm 100 ýyl geçip-geçmänkä, robotlar milýard dollarlyk senagata öwrüldi.

Robot tehnologiýasy kämilleşip ösdügiçe, olar kiçelip arzanlaýarlar, şol sebäpli hem olary islendik dükanlarda satyn alyp bolýar. Häzirki günde robotlaryň dürli, ululy-kiçili, ýönekeýje programma berilýän oýunjaklardan çylşyrymly robot geýimlere çenli ählisi satuwa çykaryldy. Iň ýönekeýje robotlara biziň jübimizdäki smartfonlary, ýa-da smartfon arkaly dolandyryp bolýan ulaglary, uçarlary, dronlary, robot beden bölekleri we şuňa meňzeşleri mysal getirse bolar.

Häzirki döwürde, hiç hili el degirmezden öý arassaçylygyny ýa-da howludaky otlary ormaklygy doly robotlara ynanyp bolýar. Meselem Robotex Avatar III goragçy robaty, öý eýesi öýde ýok wagtynda,özüniň görýän zatlaryny, öý eýesiniň islän wagtynda, smartfonynda görkezip bilýär, şonuň netijesinde hem öý eýesi gözegçiligi elden gaçyrmaýar.

Dünýä ilaty artyp, ýaşy ulaldygyça, robotlaryň hyzmaty gartaşan adamlaryň durmuşynda uly orny eýeläp biler. Meselem ol robotlar eýelerine haçan turmalydygyny, haçan dermanlaryny içmelidigini ýatladyp, şeýle-de olar bilen ýönekeýje gürrüňdeş bolmagy hem başarýarlar.

Köp sanly tehnologiýa kompaniýalary robot tehnologiýalary ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler gazanmagyna dowam edýärler. Robot tehnologiýasynyň geljeginiň uludygy indi hemmelere mälim.

Batyr NURYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com