Aňam etmändirin soňky döwürde,

Gelinler ýaşmagna ýetirse elin.

Şu gün irden gabat gelip köçede,

Uz ýaşynyp, geçip gitdi bir gelin.

 

Kişi maşgalasy… Sözüm ýer almaz,

Ýaşynsa ýaşynsyn, gülmese bolar.

Ýetişen bolsalar gelin bolmaga

Etjek işlerinem bilýändir olar.

 

Çekinendir, belki, meni ýat görüp,

Ahmal, meni garry adam saýmagam.

Hormata, söýgä-de imrinemok kän,

Onsuzam durmuşdan ýetdi paý maňa.

 

Dogrusy, süňňüm-ä ýeňilem welin,

Çalarak çal sepdi saçdyr gaşyma.

Onda-da deň gopýan oglanlar bilen,

Ýaňy otuz birden geçdi ýaşymam.

 

Men kän zada zar bolmadym durmuşda,

Şükür, az däl nesibäme ýeteni.

Ýöne öňler söýgi joşýan ýüregim,

Indi gaýgy-aladanyň ketegi.

 

Esasy aladam çagajyklarym,

Şolar gowy geýsin, gowy iýsinler.

Özüm-ä oňaryn tapanym bilen,

Ilem näme diýse, şony diýsinler.

 

Garrylygam näme, ýaşlyk mysaly,

Ölmese, her kimiň başynda bardyr.

Belki, menden ýüz öwrendir ýaşlygam,

Öň-ä hiç kim menden ýaşynmaýardy.

 

Çary Ýegenmyradow

Tags :