Ak säheriň zerlerinden,
Joşgun alyp güläý janym.
Gandyryp yşk şerbetinden,
Derde derman bolaý janym,
Geläý janym, geläý janym.

Kalbymda köräp közleriň,
Undup bilmedim gözleriň,
Unutman diýen sözleriň,
Özüň ýada salaý janym.
Men garaşýan, geläý janym.

Ýollaryňa garap günde,
Ýokdur indi karar mende,
Arzuw umytlarym sende,
Ýürek taýym bolaý janym,
Geläýsene, geläý janym.

Aýdym edip çynar boýuň,
Gaýtalap diwana deýin,
Aýralygyň ajy meýin,
Içer boldum biläý janym,
Arman goýma, geläý janym.

Aýlanaýyn adyňdan ýar,
Gadamyňdan badyňdan ýar,
Goýam meni görküňe zar,
Söýgi sözüm alaý janym,
Geläý janym, geläý janym.

Ýylgyraňda bakyp herýan,
Derýa bolup daşyp barýan,
Gel gussam syrylsyn birýan,
Sensiz geçmez gün aý ýarym,
Bagtym bolup, geläý janym.

Nowruz GÜÝJOW.