
Başga planetalarda-da gar barmy?
Hawa, beýleki planetalarda hem gar bardyr. Mysal üçin, Neptun planetasynyň hemrasy Tritonda ol köp mukdarda ýagýar. Ol düzümi boýunça Ýeriň ýüzüne düşýän gardan birazajyk tapawutlanýar. Ol ýerdäki gülgüne reňkli garyň düzümi suwdan, kömürturşy gazyndan we azotdan ybaratdyr.
Garyň reňki nähili?
Bu sowala hemmeler biragyzdan «ak» diýip, jogap berse gerek. Aslynda welin, gar reňksizdir. Ol özüne täsir edýän zatlara görä, dürli reňkde öwsüp bilýär. Muny ýagan gara güneşli günde hem bulutly günde syn etmek arkaly anyklasa bolýar. Güneşli günde gar gögümtil-sary öwüsse, şapak dogan wagty al öwüsýär. Başga wagtlar bolsa ol biziň görüş ulgamymyzyň ýagdaýyna görä ak bolup görünýär.
Gar gowagyndaky muzeý
Ol Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda Nakaýa Ukitiro atly alym tarapyndan döredilýär. Bu muzeýiň esasy aýratynlygy bolsa, gar gowagynda ýerleşýänligidir. Ol ýerde gar adamynyň dürli ululykdaky şekillerini synlap, gar hakyndaky täsin maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Mundan başga-da, muzeýde meşhur artistleriň mydama gelip çykyş edýän ýörite konsert zaly bar.
Iki sany gar tozgajygy (tymsal)
Gar ýagýardy. Bu gyşda adaty ýagdaýdy. Owadanja gar tozgalary gyş tansyny edip, yzyny üzmän, ýuwaşlyk bilen ýere düşýärdiler. Biri-birini ýitirmekden gorkup, ellerini berk tutuşan iki sany gar tozgajygy gaýyp gelişlerine özara gürrüňe başladylar:
— Uçmagyň hezildigini, ol maňa diýseň ýaraýar.
— Biz uçamyzok, ýöne ýere düşýäris — diýip, ikinji gar tozgasy gynançly seslendi.
— Biziň ählimiz basym ýerde duşuşarys hem-de ýeri ak don bilen büräris.
— Biz betbagtlyk bilen duşuşmak üçin uçup barýarys, ýere düşenimizden soň bolsa eräp gitmeli.
— Biz çeşmejige öwrüleris hem-de deňze guýarys, şeýdibem, baky ýaşarys.
— Ýok, biz aýrylyşarys-da hemişelik ýitip gideris.
Jedelleşmek teý-ahyr olaryň ikisiniň hem ýüregine düşdi. Olar ellerini goýberip, hersi öz saýlap alan ykbaly bilen ýüzleşmek üçin gaýyp gitdi.
Taýýarlan: Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.