Gandbol oýny 1898-nji ýylda Daniýanyň Ordrup şäheriniň aýallar gimaziýasynyň mugallymy Holger Nilsen tarapyndan döredilipdir. Bu oýny ol öz okuw sapaklarynda her tarapda 7 adamdan ybarat bolan topar düzüp, olary uly bolmadyk meýdançada oýnadypdyr we bu oýna “Handbol” diýip at goýupdyr. Şol döwürde Çehoslowakiýa döwletinde mekdebiň gözükdirijisi Jozen Hlenka şol oýna meňzeş oýny döredipdir. Onuň adyny “Çeska Hazena” diýip atlandyrypdyr. 11×11 adam bolup oýnalýan gandbol oýnunyň döremegi 1917-1919-njy ýyllara degişlidir. Şol döwürlerde Berlinde Haýzer we Şales atly mugallymlar tarapyndan düzgünnama işlenilip taýýarlanypdyr. Gandbol oýnunyň meýdançasynyň ilkinji ölçegleri 40×40 metr bolup derwezäniň ini 2 metr, beýikligi bolsa 2.10 metr bolupdyr. Topuň ölçegi 68-70 santimetr bolupdyr. Şondan soňra gandbol oýnunyň täze düzgünlerini döredipdirler.

Meýdançany hem-de derwezäniň ölçegini 5×2,5 metre çenli ulaldylypdyr. 1923-nji ýylda gandbola “3 ädim’ we “üç sekunt” atly düzgünler girizilýär. Bu bolsa gandbol oýnunyň uly depgin bilen ösmegine öz täsirini ýetirdi. 1926-njy ýylda Gaagada geçirlen kongresde Halkara atletika sport federasiýasy tarapyndan oýny özleşdirmek maksady bilen ýörite topar döredilipdir. 1928-nji ýylda bolsa Amsterdamda Halkara gandbol federasiýasy döredilýär.  Ilki başda bu federasiýa 11 döwlet giripdir. 2 ýyldan soň bolsa agza döletleriň sany artyp 20 döwlete ýetipdir. Häzirki wagtda Halkara gandbol federasiýasynyň düzümine 73 döwlet girýär. Gandbol boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1930-njy ýylda Praga şäherinde aýallaryň arasynda geçirilipdir. Şol geçirlen Olimpiada oýnunda Germaniýanyň topary ýeňiş gazanýar. 1936-njy ýylda bu oýun Olimpiýa sport görnüşleriniň hataryna goşulýar. 1938-nji ýylda Halkara sport federasiýasy özüniň 4-nji kongresini geçirýär. Şol kongresde gandbol boýunça erkekleriň arasynda dünýä çempionatyny Germaniýada geçirmeli diýlen karara gelinýär.  Çempionatda gandbol oýnunyň 7×7 we 11×11 görnüşleri oýnamaly diýlen karara gelinýär. Geçirlen erkekleriň arasynda gandbol boýunça çempionatda hem Germaniýanyň topary ýeňiş gazanýar.

1946-njy ýylda täze Halkara gandbol federasiýasy döredildi. Täze döredilen federasiýa gandbol boýunça 2-nji dünýä çempionatyny 1948-nji ýylda Fransiýada geçirmeli edýär. Bu ýaryşa 12 döwlet gatnaşyp Şwesiýanyň ýygyndy topary birinji orny eýeleýär. 1949-njy ýylda Budapeştde aýallaryň arasynda geçirlen 2-nji dünýä çempionatynda bolsa birinjiligi Wengriýa döwletiniň topary gazanýar. Şondan soňra gandbol boýunça dünýä çempionatyny her 4 ýyldan bir sapar geçirmeli edilýär. 1952-nji we 1956-njy ýyllarda geçirlen 3-nji we 4-nji dünýä çempionatlarynda GFR-synyň topary ýeňiş gazanýar. Aýallaryň arasynda 1956-njy we 1960-njy ýyllarda geçirlen 3-nji we 4-nji dünýä çempionatlarynda Rumyniýanyň ýygyndy topary birinjiligi eýeleýär. 1959-njy ýylda Halkara gandbol federasiýasyna 26 döwlet agza bolýar.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.