Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Lebap welaýatynda iş saparynda boldy

10-06-2022 / 5054

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Nobatdaky iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň merkezindäki köpugurly hassahana baryp, ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com