Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Gadymy türkmen halylary

24-05-2022 / 5172

Haly önümleriniň 40-dan hem köpräk görnüşi bize mälim bolup, ol halkymyzyň durmuş zerurlyklary, milli däp-dessurlarymyz bilen berk baglydyr. Biz gadymyýetde dörän haly görnüşleriniň birnäçesi barada okyjylarymyza maglumat berip geçmegi göwnejaý bildik.

Horjun — azyk we beýleki maýda zatlary salmak üçin ulanylýan iki gözli torba. Onuň agzyny köjäp (başgaça daňmak) bolýan ýüplerem bar.

Çuwal — geýim-gejim we goş-golam saklamak üçin niýetlenen halydan dokalan halta.

Eňsi — türkmen ak öýüniň gapysynyň daş ýüzünden asylýan haly önümi.

Gapylyk — öýüň gapysynyň iç ýüzünden bezeg üçin asylýan haly önümi.

Germeç — ak öýüň daşky bosagasyny bezemek üçin dokalýan haly.

Duztorba, çemçetorba, çanaktorba — bu haly önümleri duz, çemçe, çanak we ş.m zatlar salmak üçin niýetlenipdir.

Iklik — ýüp egirýän ik salmak üçin gap.

Ukbaş — göçülende öýüň uguna zeper ýetmez ýaly uga geýdirilýän haly önümi.

Ümür-duman — öýüň tüýnügini owadan, göze gelüwli bolmagy üçin ulanylýan haly önümi. Ol tüýnügi uklara birikdirýän 3-4 bölekden durýar.

Halyk — düýäniň arkasyna atylýan ortasy dilik halydan dokalýan önüm. Halyk gyşda düýe üşemez ýaly onuň üstüne hem atylýar.

Düýebaşlyk — düýäniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar.

Maňlaýlyk — gelnalyja gitjek düýäniň maňlaýynyň bezegi.

Kejebelik — gelnalyja iberilýän düýäni bezemekde ulanylýar.

Dyzlyk (Düýedyzlyk) — düýäniň öň aýagynyň dyzlaryny bezemek üçin.

Asmalyk — gelniň münýän düýesini bezemekde ulanylýan haly önümi.

Athaly — atyň arkasyna ýapylýar.

Eýerlik — atyň eýeriniň üstünden ýapylýar.

Içirgi — atyň eýeriniň aşagyndan ýapylýar.

Bu haly görnüşleri özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyşlarynyň, reňkleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr. Bularyň köpüsi bezeg hökmünde ulanylyp, häli-häzire çenli uly ähmiýete eýe bolup gelýär. Käbirleri bolsa halkymyzyň durmuş, hal-ýagdaýynyň özgermegi bilen ulanyşdan galdy diýen ýaly. Onuň deregine täzeden-täze haly önümler — möhüm wakalary, şahsyýetleri suratlandyrýan halylar, portret halylary, dürli görnüşli haly torbalary, oturgyçdyr diwanlar üçin haly örtgüleri, telefon halyçajyklary we başga-da birnäçe görnüşleri dokalyp, ol halkyň islegini doly kanagatlandyrýar.

Merjen KURBANOWA,
TDP-niň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com