Gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmeniň milli şaý- sepleri özüniň nepisligi, owadanlygy bilen älemi haýrana goýýar. Her bir şaý-sepiň ýasalşyna, dakylşyna görä özüne mahsus manysy bolýar. Biz hem turkmengazet.com saýtynyň döredijilik topary bolup, gelin-gyzlaryň bezegi bolan şaý-sepler barada we olaryň oňyn täsirleri barada giňişleýin maglumat bermegi maksat edindik. Ilki bilen biz söhbeti ýüzükler barada başlamagy meýilleşdirdik. Çünki ýüzük dakynmagy halamaýan zenan ýok bolsa gerek…

Başam barmagyna ýüzük dakýan adamlar erkli, güýçli, özdiýenli bolýar. Olar özbaşdak pikirlenmäge ukyplydyrlar. Gaşlar barada aýdylanda bolsa, esasan ýaşyl, gök reňkdäki ýüzükler has şowlulyk getirip biler.

Süýem barmaga ýüzük dakylsa, esasy hökmürowanlygy aňladýar. Şonuň üçin özüne göwni ýetýän adamlar süýem barmagyna ýüzük dakagan bolýarlar. Esasan hem taryha ser salanymyzda hanlar, soltanlar, şalar, hökümdarlar süýem barmagyna ýüzük dakypdyrlar.

Orta barmaga ýüzük dakylsa, ol diňe bir dakynýan kişiniň gözelligine görk goşman, eýsem töweregindäkilere güýç-kuwwat bermäge hem ukyply bolýar. Orta barmak özünde deňagramlylygy, ruhy rahatlygy saklaýar. Şeýle ynsanlar köpçülikde özlerini rahat alyp barýarlar, gaharyny ýuwdup, özüne erk etmegi başarýarlar. Göwünjeňlik häsiýeti hem yok däl. Müneçjimleriň aýtmagyna görä, «orta barmakda ýyldyzlaryň güýji bar».

Ogulhajat barmakda ýüzük dakylsa, ol has göze gelimli, owadan görünýär. Many taýdan bolsa, ýürek bilen gös-göni baglanyşygy bolany üçin, bu barmaga esasan söýgüniň we nikanyň nyşany bolan nika ýüzügi dakylýar we söýgüni has-da berkidýär. Eger-de bu barmaga nika ýüzükden başga ýüzük dakylsa, onda onuň gaşlarynyň gyzyl ýa-da sary bolmagy maslahat berilýär.

Külbike barmagyň hem özboluşly aýratynlygy bolup, esasan döredijilik hem-de işewür adamlar bu barmaga ýüzük dakynýarlar. Bu barmaga dakylan ýüzük eýeleri barada köp zatlary gürrüň berip bilýär. Kiçiligine garamazdan külbike barmak girdeji getirýän barmak hasaplanylyp, köpçülikde özüni erkin alyp barmakda we işewürleriň hem-de döredijilik adamlarynyň işleriniň şowly bolmagynda belli bir derejede täsirini ýetirip bilýär. Eger-de bu barmakdaky ýüzük uly ýa-da açyk reňkli bolsa, onda ol adam öz bähbidini öňde goýýan adam bolup biler.

 

P.S. Şaý-sepler gelin-gyzlaryň gözelligine görk goşýar. Aýratyn hem türkmeniň milliligine salgylanyp ýasalan şaý-sepler has göze gelimli görünýär. Çünki türkmeniň milliliginiň deňi-taýy ýokdur.