Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Reportaž

Eýjejik kalba sygan millionlarça arzuwlar

21-06-2021 / 5060

Özüm çeper edebiýat bilen gyzyklanamsoň ýygy-ýygydan kitaphana baryp, kitap okamagy halaýardym. Men hemişeki endigime eýerip kitaphana bardym. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bina edilen gözel kitaphanany synlap barşyma nätanyş gyz bilen çaknyşanymy, gyzyň elindäki kitaplar ýere gaçansoň aňdym. Ötünç soraryma mähetdel, ol menden soramaga başlady, kitaplaryny ýygnaşmaga başlanymda özüniň döwlet synaglaryna tabşyrýandygyny we başagaý bolup barşyna meni görmändigini aýtdy. Kitaplaryny ýygnaşyp bolanymdan soň menem öz gezegimde ötünç soradym, biraz demimi dürsäp görmegeý gyza söhbetdeş bolmagy teklip etdim. Biraz söhbetdeş bolanmyzdan soň, gyzyň Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talybydygyny we döwlet synagyna taýýarlanmak üçin gerekli kitaplary almaga gelendigi aňdym. Sadadan gelen mähirliligimi ýa-da söhbetdeşi bilen ýürekden gürleşmegimi gürrüňimiziň uzaga çekmegine täsir ýetirdi. Söhbetdeşligimiziň dowamynda görmegeý talyp gyz Dursunjemal Otuzowanyň myhmanhana işewürligi hünärini ele almagyň bosagasynda durandygyny göz ýetirdim. Dursunjemalyň berýän gürrüňleri şeýle, eýjejik kalba, eýjejik ýürege munça arzuwyň munça pikiriň sygýandygyna haýran galmaga mejbur edýär. Görmegeý talyp gyz bilen bolan gürrüňlerimizden käbirini siz bilen paýlaşmagy makul bildim.

-Elbetde, bu hünäri öz höwesiňiz bilen saýladyňyzmy ýa-da ene-ataňyzyň islegi bilen saýladyňyzmy?

– Elbetde, öz islegim bilen saýladym. Mende ýaşlykdan myhmanhana işi, myhmanhana işewürligi, syýahatçylyk ulgamyna bolan höwesim 2016-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gapysyndan eltdi. Allajana şükür, arzuwym amala aşyp talyp bolmak bagty miýesser etdi. Indi bolsa şu tolgundyryjy günlerde öz höwes eden kärimiň eýesi bolmagyň bosagasynda durun. Bu käri saýlan mahalym ejem bilen kakam hiç hili garşy çykmadylar, giriş synaglary döwründe-de, talyp bolanymdan soňam maňa ruhy taýdan goldaw bolup durdylar. Elbetde, kähalatlarda ene-atalar öz çagasynyň höwesine seredip dälde, öz isleglerine görä çagalaryna hünär saýlaýarlar. Hiç wagt, hiç kim öz höwes etmeýän hünärinde üstünlik gazanyp bilmeýär. Bu edil aşyk oglanyň ýa-da gyzyň aňynda öz söýen ýaryndan başga pikiriň bolmaýyşy ýaly, her kimem öz saýlan käriniň aşygy bolýar.Diýjek bolşum,  ynsan öz  saýlanan käriniň çyn aşygy başga hünärler onuň gözüne görunmeýär. Pikir et, aşyklar biri-birinden aýra düşseler olaryň ahwalynyň nähili ýagdaýda boljagyny aýtmak  hökman däldir.

– Hakykatdan-da adamyň özünde höwes bolmasa hiç bir hünärde hem üstünlik gazanyp bolmaýar. Indi bolsa üstünlik gazanmak ýa-da öňde goýlan maksada ýetmek dorgysynda gürrüň beräýseňiz.


-Hälki aýdyşym ýaly islendik ugurda üstünlik gazanmak üçiň ilki bilen şol hünäri söýmeli,öz hünäriňi söýmeseň üstünlik gazanmak mümkin däl. Hünäriňe bolan söýgi hiç haçan gowşamaly däl. Ine käbir ýaşlarda, deň-duşlarymyzda duşmak bolýar, diňe belli bir sepgide ýetilýänça hereket edýärler ondan soň, bolsa ýok, ýagny şol sepgide ýetilensoň, arzuwlar we maksatlar sönýär. Öz hünäriniň çyn aşygy hiç haçan durmaýar, ýetilen sepgitlerden soňra täze sepgitlere ýetmegiň ugruna çykýar. Onsoňam käbir ýaşlarda boýnyýogynlyk düşünjesine duşmak bolýar. ,,Ol salam bermese menem salam bermerin” diýen ýaly düşünjelere duşmak bolýar. Bu diýildigi näme halypalaryň ýa-da özüňden ussat adamyň kömegine mätäç halatyňda kömek soramazlyk. Boýnyýogynlyk bu gazanylan üstünligi özüňde saklamaklyk däl-de körsowatlyga, tarap basylýan ilkinji ädimlerdir. Ata-babalarymyzyň belläp geçişe ýaly, bilmeýän zadyňy sorap öwrenmek kiçelmek ýa-da aýyp däl.

Hawa, dogrydan-da bu aýdanlaryňyzy makullamazlyk mümkin däl, öran jaýdar pikirleri öňe sürýäňiz. Dursunjemal diňe öz hünäriňize degişli kitaplary okamak bilen çäklenýäňizmi? ýa-da okuwdan………

Sözümi soňlamagyma garaşyp oturmazdan görmegeý talyp gyz jogap berdi.

-Elbetde ýok, okuwdan boş wagtlarym okuw merkezlerine gatnap iňlis we rus dillerini öwrenýärin. Daşary ýurt dillerini bilemsoň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlaryna meýletinçileriň hatarynda gatnaşmak bagtly miýesser edipdi. Mähriban käbämiň kitaphanaçy bolandygy üçinmi, mende kitap okamaga çagalykdan höwesim bar. Käwagt deň-duşlarym “Dursunjemal, sen kitapdan iýmitlenýärsiňmi?“ diýip degişýärler. Mundan   başga-da çeper edebiýata degişli kitaplary hem yzgider okaýaryn. Diňe kitap okamak bilen çäklenmän wagt tapsam terjimeçilik bilen hem meşgullanýaryn. “ Türkmen dili “ gazetinde we “ Dünýä edebiýaty “ žurnalynda çagalar üçin terjime eden sözlüklerimiň we ertekilerimiň birnäçesi çap edildi.

– Dogrynda siziň aýdyşyňyz ýaly adamzat diňe belleýän sepgide ýetmek bilen çäklenmeli däl-de, täze sepgitleriň gözlegine çykmaly diýipdiňiz, hakykat-da özüňiz hem diňe bir sepgide ýetmek bilen çäklenmeýän ekeniňiz. Ýetilen sepgit barada gürrüň etsek, ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri  ýeten sepgitleri barada gürrüň beräýiň.

 –Ata–Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetdi Garaşsyzlygymyzy gazanymyzdan soň gurlan zawoddyr-kärhanalaryň, mekdepleriň, sport mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň sany barmak basyp sanardan juda köp, galyberse-de birnäçe ýokary okuw jaýlary açylyp ulanylmaga berildi. Gysga wagtyň içinde paýtagtymyz Aşgabat “Aziýanyň merjen şäherine “ öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz talyp ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip, berýär.

Ýagny, ýokary okuw mekdeplerine ylymyň soňky gazanan, döwrebap innowasiýalar ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň  saýasynda ýurdumyz ähli ugurlarda gülläp ösüşlere beslenýär. Şol sebäpden hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

– Dursunjemal, aýdan süýji arzuwlaryňyz üçin sag bol. Hakykatdan hem ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň sakasynda Gahryman Arkadagymyz bar. Siziň geljekde nähili arzuwlaryňyz, maksatlaryňyz bar.

Elbetde, “ Adam  arzuwsyz guş ganatsyz bolmaz “ diýýärler. Nesip bolsa okuwymy tamamlap, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny myhmanhana işini kämilleşdirmekde öz goşandymy goşmakçy. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bina edilen owadan kaşaň myhmanhanalarda işläp ýurdumyzyň abraýyna abraý goşmak niýetim bar. Mundan başga-da ýene bir arzuwym, ýaş nesilleri ylyma-bilime höwesli, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmäge öz goşandymy goşup bilsem özümi  iň bagtly ynsan saýardym.

Sebäbi ylymly-bilimli adamlaryň sany näçe köp bolsa ýurdumyzyň ösüşi hem şonça ýokary bolýar. Munuň bilen näme diýjek bolýan, diýeli ýurtda ýekeje ylymly bilimli adam bolsa onda şol ýurt bir ädimden öňe gider, eger-de şol müňlerçe, millionlarça ylymly-bilimli adamlar bolsa onda şol ýurduň ösüşi müňlerçe, millionlarça öňe gider.

– Tüweleme, öran päk, örän oňat arzuwlarymyzyň bar, allajan arzuwlaryňyz hasyl bolsun.

– Sag boluň, aýdanyňyz gelsin. Men birazajyk howlugýan.

Bu, orta boýly saçlary iki örülen, ala-baharyň gyzyl güläleklerine meňzeş gyzyl köýnek geýen, görmegeý talyp gyzyň iň aýdan sözleridi. Men onuň aýdanlaryny aňymda aýlap ýetişýänçäm, tyrk-tyrk-tyrk, gyz eýýäm gapydan çykypdy. Şol günden bäri şol talyp gyzyň aýdan sözleri hem onuň özi hem hemişe aňymda aýlanyp dur.

 

Kerwen Ýowyýew,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com