Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Ertirlikde näme iýmeli?!

20-01-2023 / 79

Adatça, ertirlik naharynda peýnir, ýumurtga, gaýmak ýa-da mesge çalnan çörek iýilýär. Düzüminde köp mukdarda uglewodlary, beloklary, ýaglary, mikroelementleri saklaýan bu önümler ýokary kaloriýaly bolsa-da, bedeni gurplandyrmak, kuwwatlandyrmak üçin ýeterlik däldir. Ertirlik nahary proteinlere, antioksidantlara, witaminlere baý bolmalydyr. Süle, tüwi dänesinden taýýarlanan şüleler bedeni olar bilen doly üpjün edip bilýär.

Süle – sowuklama garşy täsir edýär, immuniteti pugtalandyrýar, bedeni zäherli galyndylardan arassalaýar. Ol energiýanyň baý çeşmesi hasaplanýar. Süleden taýýarlanylan şüle yzygiderli ulanylanda, ol gandaky glýukozanyň derejesiniň peselmegine itergi berip, süýjüli diabetiň öňüni almaga ýardam edýär.

Tüwi – Gündogar ýurtlarynda tüwi uzak ýaşaýan adamlaryň iýýän iýmiti hasaplanylýar. Ýaponlar: «Ertir irden iýlen tüwi içegeden ähli keselleri kowup çykarýar» diýýärler. Tüwiniň artykmaç suwuklygy bedenden çykarýandygy, bedeni zyýanly maddalardan arassalaýandygy subut edilendir.

Dary – gadym eýýamdan bäri «altyn däne» ady bilen belli bolan darynyň sary, çal, ak we gyzyl reňkli görnüşleri bardyr. Sarysy has ýokumlysy we tagamlysy hasaplanýar. Düzüminde köp mukdarda B witaminler toplumynyň we proteinleriň saklanmagy daryny bedene güýç-gurbat bermekde hem-de ony gözelleşdirmekde deňi-taýy bolmadyk önüme öwürýär. Bu önüm gan, ýürek-damar ulgamlaryna, bagra, aşgazanasty mäze oňyn täsir edýär. Dary garrylygy yza tesdirýär, süňk, nerw ulgamlaryny, dişleri pugtalandyrýar.

Mergen ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com