Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Tagamlary taýýarlamak

Ertirlik: börek

Gerekli önümler: 2 sany lawaş, 2 sany ýumurtga, 100 g peýnir, islege görä dürli otlar, 2 nahar çemçesi süýt, 1 çaý çemçesi mesge, 1 çaý çemçe günebakar ýagy, 4 nahar çemçesi gazlandyrylan agyz suwy,1 çaý çemçe burç,1 çaý çemçesi duz.

Taýýarlanyşy: Ilki bilen bir gabyň içinde ownuk dogralan peýnirleri, ýumurtgany, islege görä dürli otlary, süýdi, duzy we burçy mazaly garyň. Soňra orta derejeli gyzgynlykda goýup, ýaglanan saja lawaşyň birini ýerleşdirmeli. Taýarlanan garyndyny lawaşyň üstüne ähli ýerlerine deň edip guýmaly. Sajyň daşyna çykýan ýerlerine tawa ýerleşdirmeli. Soňra ikinji lawaş bilen tagamyň üstüni ýapmaly we  gazlandyrylan agyz suwy bilen ýumurtgany garyp guýmaly. 5 minutdan böregi öwürmeli. 10 minutdan otdan aýyrmaly.

P.S. Tagamy orta derejeli gyzgynlykda taýýarlamaly.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com