Hormatly okyjylar! Size şu gün, ýagny 18-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar barada maglumatlary hödürleýäris.

Lili Jeýn Kollins – iňlis-amerikan aktrisasy. Iňlis sazandasy Fill Kollinsiň we amerikan aktrisasy Jill Tawelmanyň gyzy bolup, ol Surreýde dogulýar, çagalygynda Los-Anjelese göçýär. Kollin iki ýaşyndaka BBC teleýaýlymynda goýberilen “Growing Pains” serialynda özüniň ilkinji keşbini ýerine ýetirýär. Häzir bu aktrisa we onuň düşýän filmleri dünýä ýüzünde meşhurdyr.

Wanessa Linn Wilýams – amerikan aýdymçysy, aktrisa we modelýer. Ol 1983-nji ýylda miss Amerika – 1984 adyna eýe bolup, bu tituly gazanyp bilen ilkinji afroamerikan zenany hökmünde meşhurdyr.

Siara Kuinn Brawo – amerikan aktrisasy. Ol öz döredijilik ýoluna Nickelodeon Big Time Rush we Fox Red Band Society seriallarynda baş keşbi ýerine ýetirip,  çaga aktrisasy hökmünde başlaýar. Ol şeýle-de Nickelodeon Jinxed we Swindle atly çeper filmlerde-de keşpleri ýerine ýetirýär.

Çan Na Ra – Günorta Koreýaly aýdymçy we Günorta Koreýanyň şeýle-de Hytaýyň aktrisasy hökmünde 2001-nji ýyldan bäri meşhurdyr.

Dannil Ekls – 2012-nji ýyla çenli Dannil Harris ady bilen meşhur bolup, amerikan aktrisasy we modelidir. Ol “Ýaşamak üçin ýeke ömür” atly amerikan operasynda MakBeýniň, şeýle-de “One Tree Hill” serialynda Reýçel Gatiniň roluny ýerine ýetirýär.

Urasaýa Sperbund – gelip çykyşy boýunça norweg bolan taý aktrisasy we modelidir. Onuň meşhur ady Ýaýadyr. Ýaýa “Duang Jai Akkane”, “Game Rai Game Rak”, “Torranee Ni Nee Krai Krong”, “Kleun Cheewit” we “Crown Princess” filmlerinde ýerine ýetiren filmleri bilen meşhurlyk gazanýar.

Jowanna Antonelli Prado – brazil aktrisasy, telegepleşikleri alyp baryjy we prodýuser.

Satton Lenor Foster – amerikan aktrisasy, aýdymçy we tansçydyr. Ol Brodweý sahnnasynda ýerine ýetiren keşbi bilen meşhurdyr. Bu keşp üçin Satton Lenor Foster “Mýuzikldaky iň gowy aktrisa” hökmünde iki sany Toni baýragyna mynasyp bolýar.

Emma Luiza Willis – iňlis telegepleşikleri we radiogepleşikleri alyp baryjy, ozalky model. Ol özüniň telewideniýede we radioda Channel 5, BBC, ITV, we Heart FM kanallaryndaky işleri bilen bellidir.