Başlangyç okuw ýyllarymy göz öňüme getirsem, ýaşy bir çene baran nurana ýüzli, kümüş saçly bir ene ýadyma düşýär. Onuň bilen haçan gürrüňdeş bolsaň, ol  söhbet arasynda “Hemme zat wagtynda” diýen sözlerini ýygy – ýygydan gaýtalardy we öwüt – ündew bererdi. Onuň bu sözleri näme üçin köp gaýtalaýandygynyň sebäbini bir gün bilesigelijilik bilen özünden soradym. Enäniň aýdanlary şu günki ýaly sözme – söz ýadymda…

“Diňle, gyzym, dünýä üç gündir. Düýn – bugün – ertir – wagt hakykatynyň aýrylmaz üçlüsidir. Biri beýlekisinden aýrylmaýan bolsalar – da, üçisiniňem ýeri aýrydyr.

Düýn pikirlenip ädilen dogry ädimler bu günimiziň hem gowy bolmagyna getirer. Bu günem äden dogry ýa-da ýalnyş ädimlerimiziň netijesi ertirimizi şekillendirýär. Şonuň üçinem, etjek her bir işiňi pikirlenip et!.. Gowy bir maksadyň bolsun. Soňra ädimiňi ät we hemme zady öz wagtynda et!.. Ynha, bu durmuşyň syrydyr!..” 

Wagtyň geçmegi bilen nurana enäniň bu iki – üç söze sygdyran durmuş pelsepesine has- da çuň düsündim we bu pelsepe meniň ýaşaýşymda ýol ýörelgäm boldy.

Ynsan hemişe öňe gitmek, täze zatlary öwrenmek isleýär, ýöne ilkinji ädimi ätmekde ýaýdanýar. Okajak bir kitabymyz, görjek teatr eserimiz düşünjelerimizi üýtgedip biler. Ýa-da gatnaşjak konferensiyalarymyzda sorag berip aljak jogabymyzyň netijesinde ýaşaýşymyzda-da täze gapylaryň açylmagy mümkin. Bular hemişe ilkinji ädimlerdir. Ädilmedik her bir ädim, isrip edilen wagt bize şowsuzlyk getirer we maksatlarymyzdan uzaklaşdyrar. Şonuň üçin, ilkinji ädimler kyndyr, belki-de… “Başlamak gutarmagyň ýarysydyr” diýilmeginiň sebäbi-de şondan ybaratdyr. “Düýn” tejribe we “Bugün” düýniň okuwçysydyr. Düýni üýtgedip bolmaz, yöne ertiriň gowy bolmagy üçin bu gün sana berilen pursatdyr.

Ertir ederin, ertir ederin diýme! Bu günem düýniň ertiridi, näme edip bildiň?

 

Ogulgerek MELEKÄÝEWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.