Gerekli önümler: 300 g un, 1 sany ýumurtga, 300 g göle ýa sygyr eti, 1 sany sogan, 4 diş sarymsak, bir çümmük üwelen koriandr, islege görä duz we burç, gyzartmak üçin günebakar ýagy.

Taýýarlanylyşy: Ilki bilen hamyry taýýarlamaly. 1 ýumurtga, suw, duz, un bilen mantynyň hamyryny taýýarlamaly. Soňra bir gaba üwelen eti goýup, üstüne ownuk dogralan sogany, 4 diş sarymsagy, üwelen koriandry, duzy we burçy goşup, mazaly garmaly. Taýýarlanan et 20 minut dursa, tagamy has gowy bolýar.

Soňra hamyry ýaýyp başlamaly. Näçe ýuka bolsa, manty şonça-da tagamly bolýar. Ýaýylan hamyry dörtburç böleklere kesmeli. Taýýar eti guýup, mantyny islegiňe görä bükmeli.

Soňra howurpeji 180 dereje gyzgynlykda goýmaly. Gyzýança howurpejiň tawasyna ýag guýup, mantylary ýerleşdirmeli.Üstüne-de 4,5 nahar çemçesi suw sepelemeli. 20 minutdan mantylaryň suwy çekilip, az-kem gyzaryp başlar. Bu mantynyň bişdigidir. Taýyn mantylary hoz, ot bilen bezäp bolar.

 

Işdäňiz açyk bolsun, mähribanlar!

 

 

 

 

Tags :