
Ýangyç-energetika, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr.
2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly forum we Halkara Energetika Hartiýasynyň maslahaty geçirildi. Türkmenistan bu halkara gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen maslahat hyzmatdaşlygyň täze halkara hukuk binýadynyň döredilmegine bagyşlandy.
2019-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy hem, diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň ýangyç-energetika pudagynda iň uly ädimleriň biri boldy. Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolan bu senagat toplumy «Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» hökmünde «Ginnesiň Rekordlar» kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» güwänamalaryna mynasyp boldy.
Eýsem, daşary ýurt kompaniýalaryny biziň giň gerimli üpjünçilik we senagat taslamalarymyza maýa goýumlaryny goýmaga nähili güýç çekýär?! Sebäbi ata Watanymyzyň ägirt köp tebigy serişdeleri bar. Şol baýlyklary netijeli ulanmak, olary diňe bir döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň çeşmesine öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly dünýä meselelerini çözmegiň hem serişdesine öwürmäge mümkinçilik berýär.
Güljennet BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.