Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

El telefonlary arassa bolsun!

Smartfonlar, planşetler we öýjükli telefonlar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Biz olary öýde-de, işde-de, hatda toý-märekelerde hem ýanymyzdan goýmaýarys. Adamyň gündelik durmuşynda iň köp peýdalanýan enjamy bolan el telefonlarynyň kesel dörediji mikroblardyr wiruslaryň esasy çeşmesidigi baradaky maglumatlar bu günki gün dünýä alymlarynyň geçiren barlaglary esasynda doly tassyklanyldy.

Käbir ulanyjylar zyýan ýetiräýmäýin diýen pikir bilen, bu enjamlaryň arassaçylyk kadalaryny yzygiderli, kähalatlarda bütinleý berjaý etmeýärler. Köplenç bolsa bu enjamlary elimizi ýuwman ulanýarys. Şeýle hem olary duş gelen ýerde goýup, ýene-de arassalygyna seretmän ulanýarys. Munuň bolsa biziň saglygymyza öz ýaramaz täsirini ýetirmegi mümkin. Şol sebäpli hem bu enjamlaryň arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegimiz wajyp. Saglygy goraýyş hünärmenleri bu babatda aşakdaky arassaçylyk çärelerine eýermegi maslahat berýärler:

– elleriň arassaçylygyna gözegçilik etmeli: jemgyýetçilik ýerlerinden gelenden soň eliňi 30 sekundyň dowamynda sabynlap ýuwmaly:

– ýuwmaga mümkinçilik ýok bolan halatynda zyýansyzlandyryjy süpürgiçleri ýa-da serişdeleri ulanmaly;

– el telefonlaryny, esasan hem ýüzüňe degýän ýerlerini zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamaly;

– dürli zerurlyklara görä köpçülik ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda we dükanlarda bolup, öýe ýa-da iş ýeriňize geleniňizden soň, diňe bir elleriňi we ýüzüňi däl, eýsem, ýanyňyzdaky goşlary, şol sanda el telefonlaryňyzy hem dürli serişdeler bilen zyýansyzlandyrmaly.

Iş gününiň ahyrynda şahsy el telefonlaryňyzy arassalamagy endige öwrüň! Şonda gündelik durmuşyňyzda köp oňaýlyklary döredip berýän el telefonlary siziň saglygyňyza zyýan ýetirmez.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com