Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Reportaž

El hünäri il gezer

17-02-2022 / 5167

Ýakynda Türkmen döwlet maliýe instititynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasy bilen bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň  talyp ýaşlarynyň arasynda «El hünäri – il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.

Bäsleşige institutymyzyň birnäçe zehinli talyp gyzlary türkmen halkynyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän döredijilikli el işleri, ýagny keşde çekmek, jähek kakmak, keçe basmak, haly dokamak, alaja iýşmek boýunça işjeň gatnaşdylar we olaryň iň mynasyplary ýeňijilige hödürlendi. Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän we sungat derejesine ýetiren halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmakdan hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, talyp ýaşlary döredijilige we sungata, milli mirasymyza bolan höweslerini has-da artdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Diplomlar we sowgatlar, işjeň gatnaşan talyp ýaşlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Tekemyrat AMANOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com