Mähribanlar, düýn Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşlerine bagyşlanan sergi – ýarmarkasynyň çäginde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, “Mähirli Zenan”, “Nurland” we “Nagyşly güzer” modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan milli we döwrebap lybaslaryň moda görkezilişi geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen bu sergä ýokary derejeli myhmanlar hem gatnaşdylar.

 

…Ine moda görkezilişi hem başlaýar. Sahnada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň täze kolleksiýasyndan täze lybaslar görkezilýär. Dürli reňklerde ajaýyp sazlaşygy emele getirýän bu lybaslara seredeniňde, göwnüň galkynýar, gelin-gyz hökmünde milliligiňe bolan buýsanç duýgyň beýgelýär…

 

 

Modanyň, gözelligiň, ajaýyplygyň, göwnüňi lerzana getirýän duýgularyň bar ýerinde “Mähirli Zenan” hem bar. “Mähirli Zenan” modalar öýüniň dizaýnerleri muşdaklaryny, moda söýüjilerini her kolleksiýasynda haýrana goýmagy bes edenok. Bu logo mawy ekranda peýda boldugy, her kim tolgunýar… Bu modalar öýüniň bu gezekki kolleksiýasy, öňkülerinden tapawutly. Çünki sahnada biziň körpeje neslimiz. Çagajyklar ajaýyp lybaslary bilen sahna çykanda her kimiň ýüzünde biygtyýar ýylgyryş peýda boldy. Bu ýüzi mähirli, perişde deýin körpejeleri nazaryň düşende neneň ýylgyrmajak…

 

 

TÜRKMENgazet  bilen gözellikden daşlaşmaň, mähribanlar.

 

Surata düşüren: Arslan MÜLLIKOW.