Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Edepli hem çeper elli gözelleriň bäsleşigi jemlendi

02-04-2022 / 5062

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gelen gyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň birnji bölümi «Gyz edebi — il edebi» diýlip atlandyrylyp, gyzlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek tertibi, ata-enä hem-de ululara hormat goýmak ýaly edep-ekramlylyk hakynda gyzykly çykyşlar edildi. Bäslegiň ikinji tapgyryna laýyklykda, «Hünärim bar — hormatym bar» at bilen ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň, türkmen keşdeçilik sungatynyň keşde çekmek, jähek çalmak, gaýma gaýamak ýaly el işleri görkezildi. Soňra bäsleşigiň üçünji tapgyrynda oňa gatnaşýan gyzlar «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buýsanjy» atly temadan häzirki ajaýyp döwrümizi wasp edýän şahyrana setirler, çeper sahnalar, aýdymlar we gazallar bilen wasp etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler yglan edilip, baş baýraga Ahal welaýatyndan gelen Çaryberdiýewa Kümüş we Körhanowa Gurbanbibi, birinji orna Daşoguz welaýatyndan, ikinji orna Balkan we Lebap welaýatlaryndan gatnaşan gyzlar mynasyp boldular. Üçünji ornuň baýraklary Aşgabat şäherinden, şeýle hem Mary welaýatyndan gatnaşan gyzlara berildi.

Bäsleşige gatnaşanlara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com