Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde kiçi we orta telekeçiligiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu düzümleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, ähli ýerlerde elektron söwdany guramak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Soňra milli Liderimiz täze okuw ýylynda birinji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna beriljek noutbuklaryň nusgalary bilen içgin tanşyp, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Körpe nesilleriň sanly ulgama bolan höwesini artdyrmakda we bu ugurdaky ukyplaryny ösdürmekde wajyp ähmiýeti bolan noutbuklaryň kämil derejede bolmagy hökmandyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeler berdi.