Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Durmuşyň dana eýlän ynsanyndan sapaklar

Özüni durmuşyň terbiýeländigini öňe sürýän, durmuşyň dana eýlän ynsany Berri Deýwenportdan täsirli durmuş sapaklaryny okyjylarymyza hödürleýäris.

Käte bizi gurşap alýan gorky duýgusy bu diňe bir hyýaldyr ýa-da salgymdyr. Durmuşdaky gorkularymyzyň köpüsi amala aşmaýar, aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl. Şonuň üçin gorkulardan gorkmaň!

Durmuşymyzda ýakyn adamlarymyz ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar işde, kompýuter dünýäsinden we beýleki güýmenjelerden möhüm bolmaly.

Puluňyzy maliýe ýagdaýyňyza görä sowmaga çalşyň. Karzlary ýygnamaň, olaryň gymmaty ýok. Arkaýyn ýaşaň.

Çagalarymyzyň biziň emlägimiz däldigini ýatdan çykarmaň. Bize bolsa olara durmuşy öwretmek, kämillik ýaşyna ýetýänçä kömek bermek, mähir we söýgi bilen gurşamak düşýär.

Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar. Ýalňyşlyklardan gaça durman, olardan sapak almagy endik edinmeli.

Dostluk – bu ösümlik ýalydyr. Ol üns, alada, goragy talap edýär. Oňa wepaly bol we ony gora!

Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar-gazap ähli zady erbetlige tarap ugrukdyryp, onuň netijeleri ömürboýy hem düzedilmän biler.

Sport ähli ýagdaýlarda hem dermandyr. Ol durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, ol beden saglygymyz bilen birlikde, duýgy we akyl saglygymyz üçin hem peýdalydyr.

Islendik zada bolan höwes we yhlas – her günümizi ykbalyň sowgadyna öwrüp biler. Wagtyňyzy boş geçirmäň, iň bolmanda ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksat ediniň.

Syýahat – aňymyza serhetlerden geçmäge mümkinçilik berýär. Syýahat etmek – bu täze hem-de gyzykly medeniýetler bilen tanyşmak, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamak, gözýetimi giňeltmek.

Töwekgelçilik asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli kararlary bermek durmuşda ösmäge ýol açýar, durmuşymyzy üýtgedýär.

Biz köplenç töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýuň.

Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaz, biz ony tapmaly. Oňa ýetmek üçin elimizden gelenini etmeli.

Alada etmegi ýatdan çykaryň. Iň gowusy, diňe ýagdaýy çözmäge kömek edende alada etmegi öwrenmeli. Aladalar beýnimizi ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermegimiziň öňüni alýar.

Her günüňize minnetdar boluň. Çünki şu günüň özi bize berlen uly sowgatdyr.

Birek-birege bolan hormat we söýgi adamzady bezeýän gudratly güýçdir. Söýgüňizi paýlaşyň, gysganmaň we bu dünýäni öz söýgiňiz bilen gözelleşdiriň!

Ogultäç GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com