Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Siziň üçin...

Durmuş sapagy…

GURLUŞYKÇY

Ençeme ýyllaryň tejribeli jaý ussalarynyň biri indi ýaşynyň bir çene gelendigi, indi gurluşyk işini bes etjekdigi we asuda durmuşda ýaşamak isleýändigi barada başlygyna duýdurýar. Başlygy ýokary derejeli ussadyň gitýändigine örän gynanýar. Soňunda ol ussa şeýle haýyş bilen ýüz tutýar: “Gidýän bolsaň seni ýatladyp durar ýaly biz üçin bir ýadygärlik, ýagny soňky jaýy mugt gurup ber! Bu hem haýyr iş etdigiň bolar” diýýär.

Jaý ussasy ilki başda razy bolýar, wagtyň geçmegi bilen onuň işe bolan höwesi gün-günden azalýar, islegsiz işläp başlaýar. Derrewjik dynmak maksady bilen, işi ýokary derejede ýerine ýetirmeýär, pul az çykarmak üçin hili pes materiallardan peýdalanýar we jaýyň gurluşygyny tamamlaýar. Soňra tamamlandygy barada başlygyna duýdurýar. Başlygy öýe gelip görýär. “Halypa bu jaý seniň üçindi, bize eden hyzmatyň üçin öz guran jaýyň özüňe sowgat” diýip sagbollaşyp, öýüň açaryny ussa berýär. Ussa geň galýar, utanýar, puşman edýär. Özüniň jaý ussasy bolmagyna garamazdan, şeýle jaýda ýaşamaly bolýar.

Geliň, indi bu mysaly özümizde alyp göreliň! Biz hem öz durmuşymyzda öz jaýymyzy, geljegimizi gurýarys. Meselem: şu wagt men talyp, men sapagymy nähili okasam, nähili özleşdirsem geljekde bilimime görä, meniň haýsy wezipede işlejegim kesgitlener. Ýa-da bolmasa diýeli biz şu gün 1 gektar bugdaý eksek, birnäçe wagt soňra biz ol bugdaýdan hasyl alarys. Durmuşda hem şeýle, biz şu gün näme eksek, ertir şony orjakdygymyzy unutmalyň! Wajyp ýagdaýlarda hemme güýjümizi sarp edip, aýdyň geljek üçin elimizdäki mümkinçiliklerden peýdalanalyň. Biz hem geljekde öz guran jaýymyzda ýaşamaly boljakdygymyzy hiç haçan unutmalyň!

 

Timur ELTEZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu