Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
SliderSport we syýahatçylyk

Dünýäniň meşhur Täze ýyl arçalary

Täsin, owadan hem-de gelşikli täze ýyl arçalary, aýratyn öwüşgini, ajaýyplygy bilen adamlarda baýramçylyk ruhuny döredýär. Geliň, şeýle ajaýyp täze ýyl arçalary bilen bezelen şäherleriň käbirlerine gaýybana syýahat edeliň:

Nýu-Ýork, ABŞ

ABŞ-nyň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýork şäheriniň merkezi — Rokfeller meýdançasynda ajaýyp täze ýyl arçasy bolup, beýikligi 23 metr deň. Ol 45 müňe golaý dürli öwüşginli çyralar bilen bezelen bolup, depesinde kristaldan sünnälenip ýasalan 3 metrlik ýyldyz ýerleşdirilen.

Rio-de-Žaneýro, Braziliýa

Şäheriň içinden geçýän ýalpak suwly Rodrigo de Freýtas kölünde suwuň üstünde ýüzýän täze ýyl arçasy oturdyldy. Beýikligi 85 metr bolan arça emeli arçadyr. Ol dünýädäki iň uly ýüzýän täze ýyl arçasydyr. Çylşyrymly yşyklandyryşyň kömegi bilen onuň keşbi üýtgäp durýar. Esasy bellemeli zat, bu arçanyň şäheriň ähli ýerinden görünmegi üçin onuň kölüň ähli töwereginde ýüzüp aýlanmaklygydyr.

Gubbio, Italiýa

Ajaýyp täze ýyl arçalarynyň biri-de Gubbio şäherinde oturdyldy. Beýikligi 950 metr, ini 450 metr bolup, ol emeli arçadyr. Şeýle äpet arçany yşyklandyrmak üçin uzynlygy 19 km bolan geçiriji kabeller ulanyldy.

Praga, Çehiýa

Baýramçylyk günlerinde ajaýyp öwüşginlere beslenýän bu şäher gurnalan baýramçylyk bazarlary, owadan arçalary bilen ertekini ýada salýar. Şäheriň esasy meýdançasynda oturdylan arça we onuň töweregi müňlerçe yşyklar bilen bezelýär.

Rim, Italiýa

Ýurduň paýtagty Rim şäherinde oturdylan täze ýyl arçasy 25 metr beýiklikde bolup, ol hakyky arçadyr. Ol yşyklandyrylanda “parahatçylyk” sözi bilen diýseň ajaýyp keşbe eýe bolýar.

Mahliýa ROZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu