Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

DÜNÝÄNIŇ IŇ GYMMAT HOZY

Dünýäniň iň gymmat hozy hökmünde tanalýan Makadamiýa hozunyň watany Awstraliýadyr. “Makadamiýa” ady oňa ilkinji bolup kesgitleme beren awstraliýaly botanik Ferdinand Mýuller tarapyndan dakyldy (öz dosty Mak-Adamyň hormatyna). Bu at 1930-njy ýylda Awstraliýada “Makadamiýany söýüjileriň” birleşigi döredilenden soň, has ýörgünli boldy.

Bu hoz gadymy wagtda hem ýerli taýpalar tarapyndan gymmatly pul birligi hökmünde ulanylypdyr. 1972-nji ýylda yklymyň ýaşaýjylary 70 tonna hoz miwelerini ýygnamagy başaran bolsalar, häzirki wagtda bu görkeziji 40 000 tonna deňdir. Ýer ýüzünde bu gymmatly hozuň 9 görnüşi belli bolup, Awstraliýada 5 görnüşi ekilýär. Häzirki wagtda Kaliforniýada, Täze Zelandiýada, Braziliýada, Günorta Afrikada bu hozuň ekilýän meýdanlary bolup, häzirki wagtda iň gymmat hoz hökmünde belli.

Makadamiýa gymmatly iýmit “ammarydyr”. Ol bedenden holesterini aýyrmaga kömek edýär. Kalsiýniň we beýleki minerallaryň çeşmesi bolup, maglumatlara görä, hoz yzygiderli iýlen ýagdaýynda ýürek-damar keselleriniň, käbir düwnük keselleriniň döremek howpuny peseldýär, hatda horlanmaga hem ýardam edýär.

Ol azyk hökmünde uly hozlar adatça gowrulýar, daşy süýjülik (karamel, şokolad) bilen örtülýär, ownuk hozlar bolsa dürli işdäaçarlara, deňiz önümlerine goşulýar.

Şeýle-de ondan alynýan kosmetika serişdeler derä aňsatlyk bilen siňýär we derini ýumşadyjy, iýmitlendiriji, nemlendiriji täsire eýe bolup, güne ýanmakdan hem goraýar. Käbir aýratynlyklary boýunça ol zeýtuna hem meňzeş bolup, dermatologiýada giňden peýdalanylýar.

 

Oguloraz JUMILOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu