“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.


Her bir ynsan zehin dünýäsiniň eýesi bolmagy başaran wagty, ol hakyky ýaşaýşy duýmaga başlaýar
. Şol zehin dünýäsiniň eýesi bolmagy başaran, älemgoşar öwüşginli her bir döreden eserini synladygyňça synlasyň gelýär, sebäbi olaryň  her biri owadan dünýäniň bir bölegine çalym edýär. Garaşsyz Diýarymyzda birnäçe ýyllar bäri zergärçilik sungaty bilen irginsiz zähmet çekip gelýän Aýjemal Çaryýewa bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmagy köpden bäri arzuw edip ýördüm. Ynha, günleriň bir güni meniň bu arzuwym hasyl boldy oturyberdi. Aýjemalyň sünnäläp ýasan zergärçilik eserlerinden zergär gyzyň ýürek owazy eşidilýär, ol owaz seniň hem kalbyňa siňip, töwerek-daşyňy gurşaýan ajaýyp dünýäniň gözellikleriniň gujagyna dolaýar. Onuň bilen söhbetdeşlikde, ilki bilen, zergärçilik işlerini taryplamaga howlukdym. Aýjemalyň mugallym bolup zähmet çekýän ýeri – Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly haşam sungaty kafedrasynyň zergärçilik bölüminiň gapysyndan ätläniň-de, bu ýer özündäki sungat eserleri, gaýtalanmajak gözellikler dünýäsi bilen bendi edýär. Bu gözellik megerem, bagbanyň ýürek mähri siňdirilip eken güllerinden, keşde çekýän eli çeper zenanyň sünnälän nagyşlaryndan, ene mamalarymyzyň on barmagynyň hünärinden döräp, Gün nury çaýylan halylaryndan, nakgaşlaryň ynsan dünýäsi bilen tebigaty sazlaşdyryp, kagyza geçiren suratlarynyň üsti ýetirilip, ynsanyň ruhuny belende göterýär. Ynsana ruhy lezzet berip, onuň kalbyny belende götermek üçin öz zehiniňi, söýgüňi, mähriňi bagyşlamak bolsa döredijilik adamsy üçin bagtyň bir bölegine öwrülýär. Şol bagtyň eýesi bolan adamlaryň biri hem, Aýjemal göwün güneşi ýüzünde ýyldyrap duran beýik sungat ussady bizi açyk göwünliligi bilen garşylady.

– Aýjemal, ilki bilen saýtymyzda Sizi hoş gördük. Çakylygymyzy kabul edip, biz bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin köp sag boluň. Gürrüňdeşligimizi zergärçilik sungatynyň aýratynlyklary barada başlaýaly?

Sag boluň! Aslynda biziň şaý-seplerimiziň görnüş aýratynlyklaryny sanardan diýseň köp. Bize ata-babalarymyzdan miras galan zergärçilik gadymy sungat bolup durýar we häzirki döwürde-de dowam edip gelýär. Milli şaý-seplerimiziň görnüşleri barada gysgaça durup geçsem, türkmen zenanlarymyzyň dakynýan şaý-sepleri, ýaş gyzlarymyz üçin niýetlenen şaý-sepler, ýörite çagajyklarymyza, türkmen milli bedew atlarymyzy bezemek üçin niýetlenen at şaý-bezeg toplumlary özara tapawutlanýarlar. Şu eserleriň her birini döretmekçi bolanymyzda, ilki bilen gadymky nusgalara, millilige, ölçeglere salgylanýarys. Atlar üçin şaý-sepleri döretmekçi bolanyňda atyň rahatlygyny, güýjüni göz öňünde tutmaly. Mysal üçin, atyň boýnuna dakyljak boýunlyk onuň boýnuna agram berip, biynjalyklyk döretmeli däl ýa-da atyň maňlaýlygy at bat alyp silkinende sypmaz ýaly, onuň berkligine üns bermeli. Häzirki wagtda döredýän her bir eserlerimizi şu günki bagtyýarlyk zamanamyz bilen baglanyşdyryp döwrebaplaşdyrýarys we kämilleşdirýäris.

Aýjemal zergärçilik sungatyna bolan duýgy sizde haçan döräp başlady?

 – Meniň kakam bilen ejem suratkeşlik bilen meşgullanansoň meniň hem, kiçilikden surat çekmäge höwesim artyp başlady. Zergärçilik sungaty bilen esasy daýym meşgullanýardy. Men, mekdep okuwçy döwrüm, daýym ussat zergär Amansähet Annaberdiýewleriň öýlerinde ýygy-ýygydan bolardym, ýasaýan zatlaryna bilen gyzyklanýardym, olary synlanyňda, mende üýtgeşik duýgy döreýärdi, soňra öz-özüme hem gulaksyrga, köken ýüzük goşaryma her dürli bilezikler ýasasym gelýärdi. Daýymyň kümüşiň ýüzüne dürli reňkdäki gaşlary goýup gülýakadyr bilezik ýasaýşyny görüp, çaga bilesigelijiligi bilen uzak wagtlap daýymyň hysyrdap ýörüşini daşyndan synlap oturýardym.

– Her bir sungat we döredijilik işgäriniň belli bir ýola ugrukdyrýan halypasy bolýar. Siz öz halypaňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Meniň ilkinji halypam ýokarda hem belläp geçişim ýaly, daýym ussat zergär Amansähet Annaberdiýew. Meni daýym kiçilikden zergärçilik sungatyna ugrukdyryp, meniň gözümi açyp, şu sungatyň inçe tilsimlerini, ýasalyş usullaryny öwredip zergärçilik ugrundan ýola ugrukdyrdy. Soňra nesibäm çekip, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girdim. Bu ýerde hem maňa, Muhammetoraz Annamanow halypalyk etdi.

– Ilkinji gazanan üstünlikleriňiz barada aýdyp beräýseňiz?

 – Ilkinji üstünligim barada aýtsam, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda 1-nji ýyl talyp döwrümde ähli ugurlar bilen bagly öň görülmedik täzeçe taslamany döretmek boýunça bäsleşik geçirildi. Men hem, bu bäsleşige “Ene mähri” atly şaý-sepimde enäniň hem-de çaganyň keşbini nagşa salyp 1-nji orna mynasyp boldum. Ilkinji orny almagym, meni diýseň buýsandyrdy we täze üýtgeşik nagyşlary ýasamagyma hem uly itergi berdi. 

– Ilkinji gezek eden işiňize nähili baha berildi?

45-nji  orta  mekdebinde okaýarkam, ilkinji gezek özüme gulaksyrga ýasapdym, bu işimiň gaşlaryny, daşyny egrem-bugramja edipdim, ýaňy bir öwrenje işim bolsa-da, öz eden işime begenip dakynanym henizem ýadymda. Meniň bu işime, esasanam, daýym begenipdi, ýöne daýym indiki-de meniň has-da kämilleşmegim üçin ýasan gulaksyrgamyň bolmaýan ýerlerini barmak basyp görkezip düşündiripdi. Meniň ýene bir esasy maslahatçym ejemdi. Ol gaty talapkärdi, eden işime ýüz görmän, kesgitli baha berip, onuň kemter ýeri bar bolsa, düzetmegiň ýoluny salgy bererdi.

Aýjemal bilen gürrüňdeşligimiziň arasynda onuň eserleri bilen tanyşlygymyzy dowam edýäris. Sebäbi onuň eserleriniň-many mazmun taýdan hem, ýerine ýetiriliş usuly taýdan hem özüne çekijiligi güýçli, olardan gözüňi aýrasyň gelenok. “Gül parça” şaý-sep toplumy, “Harmandäli” bilezigi, “Monjugatdy” gülýakasy – bularyň düýp-özeninde halkyň gahrymanlary, däp-dessury kümüşiň ýüzüne bezelen gaşlar bilen suratlandyrylypdyr.

Massagetleriň meşhur zenan patyşasy Tomiris –Tumar şanyň börügini zerden ýasamagy maksat edinen Aýjemal ony özüniň diplom işi edip saýlap alandygyny aýtdy. Ussatlyk we zenan kalbynyň joşguny bilen ýerine ýetirilen bu iş talapkär halypalar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar we şol ýyl Aýjemaly Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Irginsiz gözlegler, zähmetsöýerlik döredijilik adamsyna gudratly tebigat tarapyndan berlen zehin bilen utgaşýar-da, ony nesil daragtynyň pajarlap gitjek şahalarynyň birine öwürýär. Ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine özüniň ajaýyp zergärçilik işleri bilen gatnaşyp Aýjemal uly üstünliklere ýar bolýar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň hem ýeňijisi bolýar.

Aýjemalyň öz şägirtleri, talyplary bilen döreden her bir eseriniň nepislik bilen ýerine ýetirilendigine haýran galýarsyň. Onuň döreden “Isleglim” atly sümmen şaýly gupbasynyň özeninde “Görogly” şadessanynyň ady dünýä belli Gyraty we Göroglynyň wepaly ýoldaşy Agaýunus periniň keşpleriniň şekili ýatyr. Bu eser şaý-sepleriň toplumyndan düzülen. Gupbanyň ýüzünde Gyratyň başyny belent tutup, çarpaýa galşy, onuň boýnundaky bezegler, asman perisi Agaýunusyň ýokary barýan, gupbanyň aşak böleginde bolsa uçup barýan atlaryň keşpleri, gulakhalkada we ýüzükde şekillendirilen atyň keşbi, gulakhalkanyň aşak bölegindäki kümüş şelpeler bu işleriň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilendigini subut edýär.

Ýaş zergäriň millilige ýugrulan eserlerini synlanyňda haýran galmakdan ýaňa: “Älhepus, bularyň owadandygyny berekella!” diýip, yzly-yzyna suňşuranyňy duýman galýarsyň. Aýjemala näçe  “berekella” diýseň hem bärden gaýdýan ýaly bolup dur.

 – Häzirki wagtda zergärçilik bilen meşgullanmak üçin döwrebap enjamlar ýüze çykdy. Sebäbi öňler esasan igedir byçgy bilen işlenýärdi. Häzir welin kümüş eränden soň, ony gaba guýup, ýasylap, gerek galyňlykda düýplük taýýarlanandan soň ýörite zergärçilik byçgylary bilen kesme-oýma işleri ýerine ýetirilýär. Soňra edil şol nagyş üçin ulanylmaly mahmal ýa-da gatyrak ige bilen ýerlerini igelemeli, ýörite enjam bilen ýylmaýyş-arassalaýyş işleri ýerine ýetirilenden soň kislota ergini bilen kümüşiň ýüzüni, gaşlaryň ýerini arassalamaly, ondan soň hakyk, pöwrize, hrizopraz, lazurit, ýakut, ametist, nar dänesi ýaly gaşlary sünnäläp ýerli-ýerine dakybermeli. Zergärçilik bilen meşgullanmak “iňňe bilen guýy gazmaga” deňeşdirilýär. Bu hakykatdanam şeýle. Kiçijik, näzijek gaşlardan adamlaryň kalbyna siňip, olary ruhlandyryp, gözellik dünýäsine ataryp biljek eserleri döredäýmek edýän işiňe ummasyz söýgüni, iň gymmatly adama bolan dek mähri, çabyr-takatlylygy talap edýär – diýip, Aýjemal zergärçiligiň gurallary barada täsirli gürrüň berdi.

Aýjemalyň döreden eserlerini synlanyňda onuň gadymy rowaýatlara has köp ýüzlenýändigi, şol döwrüň gahrymanlaryny kümüş şaýlaryň ýüzüne geçirip, şu günki nesle ýetirmeklige ymtylýandygy aýdyň görünýär. Sebäbi onuň döredýän eserleri ýönekeý gülýaka ýa-da bilezik däl. Ondaky şekilleri synlanyňda gadymylyk bilen şu günüň birgeňsi sazlaşyp gidýändigini görýärsiň. Ynha, türkmeniň meşhur küştdepdi aýdym-saz dessuryna degişli “Küştdepdi” atly şaý-sep toplumynda, ýagny gülýakada, teneçirde, gulakhalkada sünnälenen keşplerde şol aýdym-saz dessuryna gatnaşýan gelin-gyzlaryň keşpleri, olaryň hereketleri ussatlyk bilen kümüşiň ýüzüne dürli gaşlaryň üsti bilen geçirilipdir. “Kyrk gyz” rowaýaty hem şaý-seplerde öz beýanyny tapypdyr, ýokary çeperçilik bilen ýasalan rowaýat bilen adybir gülýakanyň merkezinde türkmen gyzlary şekillendirilipdir. Aýjemalyň “Akpamyk” ertekisi esasynda döreden boýnasygynyň ortarasynda ýerleşdirilen türkmen gyzynyň keşbi Akpamyk bolsa, onuň aşak bölegindäki şelpelere derek bolsa, ýedi sany zerli gylyç Akpamygyň ýedi doganynyň keşbini aňladýar. Biz ýene-de Aýjemal bilen gürrüňimizi dowam etdik.

– Zergärçilik sungat eserinden başga boş wagtlaryňyzda meşgullanýan ugurlaryňyz?

– Men esasan boş wagtlarym kitap okmany gowy görýärin. Döwürdeş şahyrlaryň goşgularyny okamany, hem-de türkmen milli sazlarymyzy diňlemäni gowy görýärin. Bularyň ählisi hemä birsalym dynç aldyrýar hem-de kelläň-de täze pikirleriň döremegine getirýär.

Sag boluň Aýjemal, beren gyzykly gürrüňleriňiz, paýlaşan pikirleriňiz we gymmatly maslahatlaryňyz üçin. Size ýene-de bir gezek saýtymyzyň çakylygyna jogap edip, gyzykly we täsirli söhbetdeşlik geçirmäge mümkinçilik berendigiňiz üçin saýtymyzyň döredilijik toparynyň adyndan köp sag bolsun aýdýarys! Mundan beýläk-de işiňiziň ugruna bolmagyny, hormatly Arkadagymyzyň şa serpaýlaryna, halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagyňyzy arzuwlaýarys!

Sag boluň, size-de okuwyňyzda we işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.