Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Dünýämizi baýlaşdyran eser

25-05-2022 / 5044

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy buýsançly waka boldy. Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdyp, şu günlere ýetirilen milli gymmatlyklarymyz, türkmençilik ýörelgelerimiz, dini taglymatlar hakynda gürrüň berýän bu eser biziň her birimiz üçin gymmatlydyr.

Mälim bolşy ýaly, kitap, ylym-bilim adamzat üçin gymmatly çeşme. Biziň her birimiz kitaplary okap, dünýä akyl ýetirýäris, gözýetimimizi giňeldýäris, sowatlylyk derejämizi artdyrýarys. «Ömrümiň manysy» atly täze eserde kitabyň, ylym-bilimiň ynsana eçilýän peşgeşi barada giňişleýin we täsirli durlup geçilýär. Bu kitabyň her bir bölümi taryhy çeşmelere baýlygy, täsirliligi, many goýazylygy bilen okyjyny biparh goýanok. Kitabyň bölümlerinde türkmene mahsus bolan zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dosta açyk göwünlilik, ynsaplylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly häsiýetler giňişleýin beýan edilýär.

Hawa, mähriban Arkadagymyzyň bu kitaby barada pikir ýöredenimizde, aňymyza we kalbymyza ýakymly duýgular dolýar. Ilkinji nobatda, şu kitap arkaly mähriban Arkadagymyzyň türkmen iliniň ruhy kämilligi hakda alada edýändigini duýýarys. Sebäbi halkyň aňyýetinde ýer alan döwletlilik düşünjesi hakda gürrüň etmek, ony many çuňlugynda, pikir giňliginde beýan etmek üçin halkyň taryhy baradaky giň maglumatlara eýe bolmak gerek.

Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitaby şahsyýetiň, jemgyýetiň hem-de tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň ýollaryny, ugurlaryny salgy berýär.

Güljan MÄMIÝEWA,
Saýat etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com