Inflýasiýa dünýä ykdysadyýetini çalt gurşap alýar diýip, has gymmatlan haryt toparlarynyň sanawyny düzen “Izwestiýa” neşiri ýazýar.

Şeýlelikde, harytlaryň arasynda kofe gymmat bahalylyk rekordyny goýýar. Amerikan biržasynda soňky aýlarda däne bahalary 18 göterim ýokarlandy, Londonda “robusta” sorty tonnasyna 1750 dollara çenli gymmatlady. Kofäniň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäbi Braziliýadaky güýçli gurakçylyk, koronawirus sebäpli kofehanalara barýanlaryň sanynyň azalmagy boldy.
Mundan başga-da, benziniň bahasynyň ýokarlanmagy hem global meselä öwrüldi. Bu ABŞ-da we bahalary düzgünleşdirmeýän beýleki ýurtlarda nebitiň bahasynyň umumy ösüşi bilen baglanyşyklydyr.
Neşiriň sanawynda kompýuter tehnikasy hem bar. Bu ýerde ýarymgeçirijileri öndüriji zawodlaryň ýapylmagyndan we gurluşlara hyrydarlygyň ýokarlanmagyndan başlap, birnäçe faktor rol oýnady. Tehnikadan başga-da, elektronika ýetmezçiligi awtomobil gurluşygy ýaly beýleki pudaklara hem täsirini ýetirdi.
“Izwestiýa” gurluşyk materiallarynyň hem gymmatlandygyny belleýär. Bu köp ýurtlarda çökgünlige garşy maksatnamalar bilen baglanyşyklydyr.