Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Dünýädäki iň gymmat binany bilýäňizmi?

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren, iň gymmat gurluşyk Braziliýa bilen Paragwaýyň arasyndaky Parana derýasynda ýerleşýän Itaýpu atly bent we gidroelektrik stansiýasy boldy. Ol 1984-2007-nji ýyllar aralygynda gurlup, onuň gurluşygyna  jemi 72 milliard dollar sarp edilipdir.

Gurluşyk işine 40 müň işçi gatnaşypdyr. Bu gurluşyk derýanyň ugruny üýtgetmegi öz içine alýardy, netijede 50 million tonnadan gowrak toprak we gaýa göçürilýär. Desganyň territoriýasynda dört sany daş döwüji merkez we alty sany beton zawod, şeýle-de iki bir relsli ýollar, ýedi sany asma tanap ýoly we 13 diňli kran gurulypdyr. Maglumatlara görä, onuň gurluşygynda jemi 12,3 million kub metr beton ulanylypdyr.

Resulberdi WELMIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com