Şatlyk-şowhuna, bahar güllerine, mähirli arzuwlara beslenen Halkara zenanlar güni bagtyýarlyk döwründe, güneşli Diýarymyzda milli ýörelgelere laýyklykda uludan bellenilýär. Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy bolan 8-nji mart – Halkara zenanlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde dürlüçe bellenilip geçilýär. Halkara zenanlar güni öz gözbaşyny 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän zenanlaryň zähmet hakynyň pesligi hem-de iş şertleriniň oňaýsyz bolandygy üçin gozgalaň turuzmagyndan alyp gaýdýar. Nýu-Ýorkda ilkinji gezek 1909-njy ýylyň 28-nji fewralynda “Zenanlar güni” bellenilip geçildi. Birleşen Milletler Guramasynyň karary bilen bu baýramçylyk 1975-nji ýylda “Halkara zenanlar güni”  adyna eýe boldy.

Ýewropada Halkara zenanlar güni iň meşhur baýramlaryň biri. Şol gün däp bolşy ýaly, erkek adamlar zenanlara sary mimoza gülünden bogulan çemeni sowgat berýärler. Şeýle-de zenanlar joralarydyr, uýalary bilen üýşüp özleri üçin aýratyn ýeňillikli bahadan hyzmat edýän garbanyşhanualarda naharlanýarlar hem-de aýdym-saz diňläp şatlanýarlar.

Germaniýada bolsa bu baýramçylygy esasan ýaş gelin-gyzlar belleýärler. Olara şol gün ter gül desseleri sowgat berilýär. Gyzlar joralary bilen üýşüp kino, teatra, muzeýlere gezelenje gidýärler.

Fransiýada bu baýram zenanlaryň öz hukuklary üçin göreşiniň nyşany hökmünde kabul edilýär. Şeýle-de bu ýurtda eneler güni has hem meşhurdyr.

Polşada 8-nji martda adamlar öz enelerini, söwer ýarlaryny baýramçylyk bilen gutlaýarlar. Bazarlarda şol gün uly isleg bildirilýän ýaz güllerinden dolýar. Gülleri satyn alyp, zenanlara sowgat bermek isleýän erkek adamlar bolsa göýä, biri-biri bilen bäsleşýän ýaly alňasaýarlar. Polşada zenanlara köplenç çigildem güllerini sowgat gowşurmak däbi hem bar. Bu güller şol gün bazarlarda diýseň geçginli bolýar.

Litwalylar üçin 8-nji mart baýramy bahar paslynyň buşlukçysydyr. Olar bu baýramçylygy söýginiň hem-de zenanlaryň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Litwanyň birnäçe şäherlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli uly festiwallar we şowhunly konsertler geçirilýär. Şol gün hemmeler baýramçylyk ruhy bilen ýaşap, ondan ruhy lezzet alýarlar.

Mähriban enelere, gelin-gyzlara bolan sylag-hormat, söýgi hiç haçan egsilmeýär.  Ata watanymyzda bagtyýarlygyň, baky bagtyň gujagynda ýaşaýan mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz aýratyn söýgi, mähir bilen gurşalyp alynandyr. Biziň ýurdumyzda hem her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda çagalar bagyna gatnaýan eýjejik gyzjagaşlardan başlap ak saçly mähriban  enelerimize, zähmet çekýän güler ýüzli gelin-gyzlarymyza hormatly Prezidinimiziň adyndan pul sowgady gowşurylýar. Bu sowgat ata Watanymyzda mähriban ynsanlara bolan söýginiň, hormatyň ýene bir nyşanydyr.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Tags :