
Elýeterli enjam
Smartfonyň 8 GB-ly operatiw, 128 GB-lyk we 1T barabar goşmaça ýatly, akkumulýatorly boljakdygy bellenildi. Enjam 13MP+2MP-lik goşa arka kameralary hem-de haýran galdyryjy suratlar we selfi düşürmeklige niýetlenen 5MP-lik kamera bilen üpjün ediler. Smartfona «PLS» hilli 6,5 dýuým göwrümli ekranyň ýerleşdiriljekdigini «Samsung» kompaniýasynyň Hindistandaky mobil biznesi boýunça direktory Rahul Pahwa belleýär. Bu smartfonyň başlangyç bahasy 105 amerikan dollaryna barabar bolup, ol 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryndan satuwa çykarylyp başlandy.
Ugur äleme sary
Älem liftleri düşünjesini ösdürýän gözlegçileriň pikirine görä, adamzat bu ugurda enjam döretmäge eýýäm ýakynlaşdy. 20 ýyl bäri älem liftiniň üstünde işleýän Stiwen Koeniň pikiriçe, äleme lift gurmagyň birnäçe sebäbi bar. Hünärmeniň bellemegine görä, lifte möhüm energiýa we çykdajylary tygşytlamak üçin we orbita raketalara garanyňda has amatly usul hökmünde garalýar. Şeýle-de, bu usul kosmonawtlaryň işlerinde möhüm töwekgelçilikleri talap edýän hadysalaryň öňüni aljak ygtybarly ýol bolar. Olar tranzit usuly arkaly äleme ýetip, ýollaryny arş gämilerinde dowam etdirip bilerler. Lift zyýanly ýangyçlary ulanmak zerurlygyny hem aradan aýrar. Häzirki wagtda başlangyç agramynyň 90 göterimi ýangyçdan ybarat bolan arş gämileri ozon gatlagynda «deşikleri» emele getirýärler. Alymlaryň çaklamagyna görä, öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda şeýle liftleriň işleýän nusgalaryny görüp bileris.
Taýýarlan: Kadyr GULOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.