
Dünýä suwlary hiç hili garyşmaýar diýip aýtmak hakykata laýyk gelýän däldir. Ýöne suwlaryň uly göwrümlileriniň garyşmaýanlygy welin, tebigatda köp duş gelýän ýagdaýlaryň biridir. Ýer ýüzündäki suwlaryň duzlulygynyň derejesiniň deň däldigi, suwuň dykyzlylygynyň dürlüligi, garşylyklaýyn akymlaryň bolmaklygy tebigatda gabat gelýän suwlaryň garyşmazlygynyň esasy sebäpleriniň biridir.
Fransuz syýahatçysy, alym Žak Iw-Kusto özüniň äleme eden syýahatlarynda dünýä ylmyna 500-den gowrak dürli geografiki açyşlary mälim edipdi. Ol özüniň eden syýahatlarynda tebigatda suwlaryň garyşmaýan görnüşine köp duş gelipdir. Kusto ýandepderçesinde, ýoldaşlarynyň biriniň aýtmagyna görä, suwlaryň garyşmaýanlygy baradaky ýazgynyň 1400 ýyl mundan öň mukaddes Gurhanda hem ýazylandygy barada ýazypdyr.
«TürkmenGazet».