Nobel baýragy

 

Bu iň meşhur halkara baýraklaryň biri bolup, 1901-nji ýyldan bäri her ýyl ylmy barlag, edebi-döredijilik ugry boýunça gowşurylýar. Nobel baýragy bäş ugur, ýagny fizika, himiýa, fiziologiýa we medisina, edebiýat we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugurlary boýunça berilýärdi. 1969-njy ýylda Şwed Bankynyň öňe sürmeginde altynjy ugur, ýagny Alfred Nobeliň ýadygärligine ykdysady ylymlar boýunça hem berilmäge başlady. Nobel baýragynyň edebiýat ugry boýunça her ýylky eýeleriniň aglabasy ýewropaly hem-de amerikaly ýazyjylar hasaplanylýar.

Pulitser baýragy

 

1911-nji ýylda döredilen meşhur amerikan baýragy edebiýat, žurnalistika, saz, teatr ugurlary boýunça gowşurylýar. Baýragyň esasy utuşy 10 müň amerikan dollarydyr. Žurnalistika ugry boýunça köp gezek bu baýraga mynasyp bolan neşirleriň hatarynda «New York Times», «The Wall Street Journal», «Washington Post» we beýlekileri agzamak bolar.

Bu baýrak edebiýat ugry boýunça Edebi-çeper kitaby üçin; Taryh kitaby üçin; Iň oňat drama eseri üçin; Iň oňat terjimehal üçin; Şygryýet üçin; Ajaýyp saz eseri üçin; Ýatlama eserleri üçin diýen ugurlar boýunça berilýär.

Buker baýragy. Dünýäde meşhur bolan bu edebi baýrak 2013-nji ýyla çenli Milletler Bileleşiginiň, Irlandiýa ýa-da Zimbabwe ýaly ýurtlaryň birinde ýaşaýan ýazyjylara gowşurylýardy. 2014-nji ýyldan soň, ýaşaýan ýerine garamazdan, iňlis dilinde ýazylan eserleriň awtorlaryna gowşurylyp başlandy. Bu baýrak ilkinji gezek 1969-njy ýylda berildi. «Man Group» kompaniýasy «Buker» baýragynyň hemaýatkäri bolansoň, baýragyň doly resmi ady «Man Booker Prize» hasaplanylýar.

 

 

Aziýanyň Buker baýragy. 2007— 2012-nji ýyllar aralygynda Aziýa sebitine girýän ýurtlaryň ýazyjylarynyň arasynda iňlis dilinde ýazylan eserlere berildi. Baýrak hökmünde 30 müň amerikan dollary gowşuryldy. Ýeňijiler hökmünde Szýan Žunyň «Oňon Möjek» (2007ý), Migel Sihukonyň «Aňlanan» (2008ý), Su Tunyň «Halas etmek üçin gaýyk» (2009ý), Bi Feýýunyň «Üç uýa» (2010ý) ýaly eserlerini getirmek bolar.

Gans Hristian Andersen adyndaky çagalar baýragy

 

Bu baýrak çagalar edebiýatynda uly iş bitiren ýazyjy-şahyrlara gowşurylýar. Baýragyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi ýazyjynyň özünden çaga göwünlilik, çagalaryň her bir edýän hereketine düşünmek, inçe synçylyk talap edilýär. Adamyň çagalykda okan, öwrenen zatlary onuň geljekki durmuşyna ýeterlik täsirini ýetirýär. Şol täsiriň hem ýokary derejede gowy bolmagyny gazanmak ýazyjydan ussatlygy talap edýär. Türkmen ýazyjylarynyň arasynda Kaýum Taňrygulyýewiň 1980-nji ýylda G.H.Andersen adyndaky çagalar baýragyna eýe bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar.

Aşyr SAPAROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.