Mähriban okyjylar! Size şu gün, ýagny 2-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Roselyn Sanches (şu gün 47 ýaşaýar) – Puerto-Rikaly aýdymçy, kompozitor, model, aktrisa, prodýuser we ýazyjy. Telewideniýede ol, esasan, “Without a Trace” filminde ýerine ýetiren “Eleno Delgadonyň” keşbi bilen meşhurdyr.

Bethany Joy Lenz (şu gün 39 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy, aýdymçy, kompozitor we režisýor. Ol “One Tree Hill” filminde ýerine ýetiren Haley James Skottuň keşbi bilen has meşhurdyr. 

Hinako Sakurai (şu gün 23 ýaşaýar) – ýapon aktrisasy we tarento. Ol birnäçe çeper filmlerde we telegepleşiklerde surata düşdi. 

Lindy Booth (şu gün 41 ýaşaýar) – kanadaly aktrisa. Ol “Disney Channel”-daky “The Famous Jett Jackson and Claudia” serialynda Riley Grantyň keşbini ýerine ýetirmek bilen uly meşhurlyk gazandy.

Ellen Adarna (şu gün 32 ýaşaýar) – filippin aktrisasy.

Ranee Estevez (şu gün 53 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we ssenarist.

Yuki Kato (şu gün 25 ýaşaýar) – indoneziýaly aktrisa, model, telegepleşikleri alypbaryjy. Ol keşpleri ýerine ýetirmekden daşgary aýdym we saz bilen hem meşgullanýar.

Pattie Mallette (şu gün 45 ýaşaýar) – kanadaly awtor, film prodýuser we Justin Bieberiň ejesi. Ol öz oglunyň başdaky zähmet ýolunda uly goldaw berýär. 

 

Mähriban Hudaýgulyýewa, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Tags :