Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Dört diwar, dört derweze…

Ýaş şahyryň bu goşgusy «TürkmenGazet» tarapyndan ilkinji gezek okyjylara hödürlenýär.

Dört diwar,

Dört derweze.

Çykalga ýok.

Durşy gulp.

Howp.

Diwar üstüňe gelýär,

Paralleller tapyşýar.

Aýak aýaga çolşyp,

Dünýäň gapyşýar.

-Dat bidat…

Gülki sesleri gelýär.

Hamana diýersiň gülkili sahna.

Agladygyňça gülýäler.

Olar sen hakynda näme bilýäler?

Kim bilýä.

Diňe gülýäler.

Diwarlar sürünip gelýär.

Mynjyratjak tapyşsalar.

Tomaşaçylar kofe süzýär.

Tragediýamy, komediýa?!

Garym-gatym boljak eken,

Dünýäň gapyşsa.

Ine birden gowur ýatdy.

Elhenç dymyşlyk.

Diwarlar tapyşýar

Aşyk-magşuk dek.

Arasynda kim galdy.

Dirimi ýa öldümi.

Bular kimiň piňine.

Indi hatda gülýänem ýok.

Biperwaý ýüzlerde şol adatylyk.

Kofeler gutardy.

Turdy jemende.

Kuýaş gamgyn boldy.

Bulut düýrüldi.

Barlyk+ýokluk=

Bir bar eken,

Bir ýok eken…

Perde syryldy.

Maksatmyrat ÇARYÝEW.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com