Gerekli önümler

Hamyr üçin: 150 g mesge, 2,5 nahar çemçesi şeker, 1 nahar çemçesi gaýmak, 1 sany ýumurtga, 300 g un, 1 çaý çemçesi gabartma tozy.

Dorogly garyndy üçin: 600 g dorog, 150 g gaýmak, 3 nahar çemçesi krahmal, 2 sany ýumurtga, 1 nahar çemçesi manka, 200 g şeker, 1 g wanilin.

Bezeg üçin: ýertudana.

Taýýarlanylyşy

Mesgäni, ýumurtgany, şekeri mazaly garyp çyrpmaly. Üstüne gaýmak guýmaly we çyrpmagy dowam etdirmeli. Soňra unuň üstüne 1 çaý çemçesi gabartma tozuny guýup, garmaly. Taýýarlan garyndymyzyň üstüne uny ýuwaşlyk bilen guýup, dowamly garyp durmaly. Taýýar bolan hamyry tagamy bişirjek gabymyza ýerleşdirmeli.

Dorogly garyndyny taýýarlamak üçin dorogy, gaýmagy, ýumurtgany mankany mazaly garmaly. Üstüne krahmal, şeker, wanilini goşup, ýene garmaly (dorogly garyndynyň has ýumşak bolmagyny isleýänler ýörite çyrpýan enjam bilen çyrpybam biler). Garyndyny hamyryň üstüne deň edip guýmaly. 180 dereje gyzgynlykda ýarym sagat pişirmeli. Taýýar bolansoň ýertudana bilen bezäp bolar.

Eneş, öý bikesi.

 

Mähriban gelin-gyzlar,

Ajaýyp tagamlaryňyzyň taýýarlanyşyny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isleseňiz, turkmengazet.zenan2021@gmail.com salgymyza hat ýollap bilersiňiz.