“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

«Güneş» žurnalynyň bölüm redaktory Gülsere Jumaýewa bilen söhbetdeşlik.

—Gülsere Gurbandurdyýewna, žurnalistika kärine gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz…

—Adamyň durmuşynda bolup geçýän käbir tötänlikler garaşylmadyk gapylary açýar. Meniň durmuşymdaky şeýle waka hem Mugallymçylyk institutyny tamamlap, işe bellenen ýerim bolan Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 10-njy orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlan günlerimde boldy. Mugallymçylyk işimiň daşyndan maňa mekdebiň ýerli radiouzelinde (şol wagtlar ähli mekdeplerde diýen ýaly, şeýle ulgam bardy) mekdep durmuşyndaky habarlary ýaýynlamak tabşyryldy. Jemgyýetçilik başlangyjy esasyndaky bu iş gaty gyzyklydy: uly arakesmede mekdep durmuşyndaky möhüm hem gyzykly habarlary, okuwçylary gyzyklandyrjak we olaryň gözýetimini giňeltjek wakalary sesli ulgam arkaly ýaýynlamagyň özboluşly keýpi bardy. Radiouzel habarlary mekdebiň çäginden uzagraklarda-da ýaňlanardy. Işe höwesjeň hem zehinli okuwçylar hem çekilýärdi. Elbetde, bir täzeçil ýa-da täsirli guramaçylyk tarapymyz bolandyr-da, «sesli döredijiligim» barada etrap gazetiniň redaksiýasynda gürrüň bolupdyr we şondan soň meni redaksiýa söhbetdeşlige çagyrdylar hem-de bilim ulgamy bilen bagly habar taýýarlap bermegi teklip etdiler. Uzak wagt geçmänkä-de, işe çagyrdylar. Ylalaşdym. Şeýlelikde, 1979-njy ýylyň noýabrynda türkmen žurnalistikasynyň wekili bolmak maksady bilen, durmuşymda täze, mertebeli bir sahypany açdym.

—Iki ugur boýunça diplomyňyz bar eken…

—Birinji hünärim, häki belleýşim ýaly, mugallymçylyk. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamladym. Soňra, etrap gazetiniň redaksiýasynda bölüm müdiri wezipesinde işleýän döwrümde, ussatlygyna haýran mugallymym, Türkmenistanyň ussat mugallymy, ilkinji halypam bolan kakamyň maslahaty bilen, «ikinji hünärim» hasaplaýan žurnalistika işimi okuwyny okap, ylmyny, usullaryny ele alyp, kämil derejede dowam etdirmegi makul bildim. Munuň üçin Russiýanyň Moskwa şäherindäki şol wagtky Bütinsoýuz Ýaşlar birleşiginiň Moskwa şäherinde ýerleşýän Ýokary Ýaşlar mekdebiniň Komsomol işleri fakultetiniň žurnalistika bölümini okap tamamladym.

—Iki hünäriň arasynda näme üçin žurnalistika hünärini saýladyňyz?

—Meniň ele alan hünärlerimiň biri beýlekisinden gowy hünärler, ikisi-de özara baglanyşykly we bir-biriniň «üstüni ýetirýän» hünär. Ýöne žurnalistika — döredijilik işi, döredijilik işi hem, öz gezeginde, ylhama eýerýän, onuň höwesine, jadysyna, yşgyna atarýan ruhlandyryjy zähmet. Oňa hyzmat edişiňe, ata Watanyň, watandaşlaryň durmuşynyň jümmüşinde ýaşap, işläp, özüňi mydama ruhuň ganatly ýaly duýýarsyň, bu käre örküňi baglanyňy duýmaýarsyň. Bar bolany! Žurnalistika ömür örkümiz baglanypdyr.

—«Güneş» žurnalyna işe gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz…

—Aslynda, haýsy redaksiýada işleýändigine garamazdan, žurnalist islendik redaksiýadan gowuşýan tabşyrygy höwes bilen ýerine ýetirýär. Şeýle hem bolsa, her neşiriň döredijilik «aşhanasyndaky» işlerde aýratyn özboluşlylyk bar. Men etrap gazetinden soň, ykbal çekip, «Türkmenistan», «Mugallymlar gazeti», «Ahal durmuşy» gazetlerinde, «Zenan kalby» žurnalynda işledim. Bu günki günde, mugallym hünärli hem-de 10-a golaý agtykly ene bolan maňa çagalar, körpeler üçin niýetlenen neşirde işlemek has ýakyn bolup durýar. Çaga dünýäsine aralaşyp, olaryň ylym-bilimliligini, edep-terbiýeliligini, dünýägaraýşyny, gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnygyny ösdürmeklige yhlasyňy siňdirmek örän uly bagtlylyk.

—Häzirki wagtda «Güneş» žurnalynyň işi nähili alnyp barylýar?

—Redaksiýanyň döredijilik topary uly bolmasa-da, bizde ökde žurnalistleriň, ussat hudožnigiň, başarjaň fotohabarçynyň, redaksiýamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan zehinli ýaşajyk we uly ýaşly okyjylarymyzyň bardygyna buýsanýandygymyzy aýdyp bilerin. Örän agzybir işlenilýär, edil iki eliň on barmagy ýaly, bir-birimizi goldap, ylalaşykly, maslahatly, arkalaşykly işleýäris. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň durmuşyna, beden, akyl we ruhy taýdan ösüşlerine dahylly hiç bir taryhy wakany, senäni we täsirli ýagdaýlary, şol bir wagtyň özünde okyjylarymyzyň islegdir tekliplerini-de ünsden düşürmejek bolýarys. Aý-günlerimiz döredijilik gözleglerine örän baý. Bu ugurda baş redaktoryň yhlasy hemmämize nusga bolýar. Eger döredijilik toparymyzyň agzybirlik bilen taýýarlap, okyjylar köpçüligine hödürleýän žurnaly mähriban çagalarymyzyň göwnüne güneş çaýyp bilýän bolsa, şol biziň üçin dünýe zynatlaryndan arzyly baýlykdyr.

—Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň, Size mydama döredijilik üstünlikleriniň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

—Sag boluň.

 

Dilnoza MUHADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.